Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy giň gerimli özgertmeleriň we döwrebaplaşdyrma işleriniň merkezinde durýar. Halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek, ýaş nesli häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede taýýarlamak ugrunda sanly bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ulgama geçiş toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň halkara bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Elektron platformalaryň, onlaýn okuw merkezleriniň we halkara bilim portallarynyň döredilmegi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ylym-bilim gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagyna ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen ylym-bilim alyş-çalşygyny berkitmekde oňyn netijelerini görkezýär.
Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini artdyrýar, olaryň dünýä tejribesinden peýdalanmaklaryny, täze tehnologiýalar boýunça bilimlerini kämilleşdirmeklerini üpjün edýär.
Sanly bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşiniň berk binýadyny döretmek bilen birlikde, ýaşlaryň bu ugurda üstünlik gazanmagynyň hem möhüm şertini emele getirýär.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.












