WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Tükmengala etrabynyň 2-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Millilik — halkymyzyň mizemez gymmaty» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmengala etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülnar Gurbanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Ogulnar Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmengala etrap komitetiniň hünärmeni Sülgün Akmyradowa dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň medeni köpçülik çärelerine gatnaşmagy, zehinlerini kämilleşdirmegi, ylym-bilim babatda tejribe toplamagy, dünýä derejesinde bilim almagy ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tylla RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

BAKY TOÝUŇ ŞANYNA

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2025 | 10 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

02 Dekabr 2025 | 23 okalan

BAKY TOÝUŇ ŞANYNA

02 Dekabr 2025 | 29 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI