Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, daşary syýasatynda häzirki döwürde guwandyryjy netijeleriň gazanylmagy taryhy tejribelere, ylma esaslanylmagy bilen hem baglanyşyklydyr. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki halkara guramalary bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň netijeli işlerini şöhlelendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýlen baş şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi däbe öwrüldi. Şu ýylyň hem “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däldigi bellärliklidir. Biz hem eziz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza berk ynandyrýarys. Goý, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Hajar GARRYÝEWA.
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Maru – Şahu Jahan» gazeti,
12.01.2021ý.