Ezber dokmaçylaryň bäsleşigi

16-njy aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde 2019-njy ýylyň «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem Türkmen halysynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň dokmaçy gyz-gelinleriniň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň rowaçlygyna saldamly goşant goşýan dokmaçy ýaş­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­za, mil­li me­de­ni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk, mylaýymlyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik ukybyny, keşp gözelligini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde gelin-gyzlar öz aralarynda dört şert boýunça bäsleşdiler. Ussatlyklaryny görkezen çeper elli dokmaçylaryň ählisi üstünlikli çykyş etdiler.

Ýokary ruhubelentlige hem-de şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň eminler topary tarapyndan I orna Aşgabat dokma toplumynyň hil barlag bölüminiň işgäri Senemgül Kazakowa, II orna Türkmenbaşy dokma toplumy­nyň ti­kin­çi­lik fab­ri­gi­niň ti­kin­çi­si Mer­jen Arazowa, III orna Türkmenbaşy jins toplumynyň hil barlag bölüminiň hil barlagçysy Ogulşirin Baýramowa, höweslendiriji baýraga bolsa Ruhabat dokma toplumynyň dokma enjamynyň operatory Merjen Meredowa mynasyp görüldi. Bäsleşikde 1-2-nji orunlara mynasyp bolan dokmaçylar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolan we oňa gatnaşan ezber gözelleriň ählisine Aşgabat şäher Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

18.04.2019ý.

 

Indiki makala

BAÝRAMÇYLYK MASLAHATY

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.