Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilelikde ýetginjek çapyksuwarlaryň we halypa seýisleriň gatnaşmaklarynda “Ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-baýramlarymyzyň bezegidir” ady bilen baýramçylyk duşuşyk maslahatyny geçirdi. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hem-de bilim alýan ýaşlar, ýetginjek çapyksuwarlar, halypa seýisler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk maslahatynda birnäçe çykyşlar diňlenip, onda çykyş edenler milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewlerimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijiligiň we ösüşiň, täze belentliklere tarap okgunly hereketiniň, milli baý mirasymyzyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülýändigi, ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuny ösdürmek, çapyksuwarlaryň hünär we taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle-de Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmekde çäksiz aladalary edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýetginjek çapyksuwarlara baýramçylyk sowgatlary hem gowşuryldy.
Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,
TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.