Tejen etrap hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany, ajaýyp arzuwlaryň mekany» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler milli Liderimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, eziz Diýarymyzyň pajarlap ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň ýaşlaryň her biriniň kalbynda guwanç duýgularyny döredýändigini buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda etrap hassahanasynyň zähmetsöýer ýaşlarynyň birnäçesine Tejen etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgat gowşuryldy.
Nejep ÝAZGULYÝEW,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.
Berekede beslenip gelýän bahar paslynda halkymyzda uludan tutulyp, şatlyk-şowhun bilen bellenilýän baýramlaryň biri-de Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezi Köpetdag etrap Ýaşlar guramasy bilen bilelikde «Iň täsin, iň tämiz behişdi bedew» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Aşgabat şäher häkimliginiň 8-nji orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-saza beslenen çäräniň dowamynda tejribeli atşynaslar çykyş edip, bedew atlary ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň inçe tärlerini şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerde ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmany artdyrýan başlangyçlary we şahsy göreldesi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Sülgün ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Köpetdag etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
«Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan tämiz, edepli-terbiýeli bolmaklaryny, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen Mary şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Özgerýän Diýarda bagtyň nury bar, Eziz Arkadagym bize howandar!» atly şygar astynda geçen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler okuwçylara hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän sargytlaryna çuňňur uýup, belent adamkärçilikli, watansöýüji, sagdyn ruhly bolmaklaryny ündediler.
Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.
Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýaş nesillerimizi terbiýelemekde milli däp-dessurlarymyza eýerilýär. Sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly we watansöýüji nesilleri kemala getirmekde esasy orny eýeleýän enelerimize jemgyýetimizde uly sarpa goýulýar. Döwletli etrap Ýaşlar we Zenanlar guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Tallymerjen obasynyň medeniýet öýünde «Ene kalby asman ýaly päkize» ady bilen maslahat geçirildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti, milli ruhy gymmatlyklarymyzy nesillerimize ýetirmekde, eziz enelerimizi we gelingyzlarymyzy sarpalamakda möhüm ornunyň bardygyny bellediler.
Göwher MÖWLAMOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Gumdag şäheriniň 5-nji orta mekdebinde «Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew!» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa Gumdag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, at-abraýly seýisleriň neberesinden bolan Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasy, ahalteke atlaryna, atçylyk sportuna bolan çäksiz söýgüsi uludyr. Häzirki wagtda milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýaşlaryň arasynda atçylyk sporty bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlanyp, gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşiniň başlygy.
Görogly etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Zehinli nesil» ady bilen zehin bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşige Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçylar toparlara bölünip, bellenilen wagtyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ýörite taýýarlanan zehin sowallaryna jogap bermekde we interaktiw tagtada görkezilen suratlary daşary ýurt dillerinde gürrüň bermekde öz ukyplaryny görkezdiler.
Gyzykly hem çekeleşikli geçen bu bäsleşik okuwçylaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykardy. Bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji bolan toparlar Görogly etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
25.04.2019ý.