AT HÖWESLÄN ÝALKANAR

Durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmedik türkmen halkymyzyň öz ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi çäksizdir. Özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy ajaýyp aýdym-sazlarda ýetirilýär.

Halkymyz ahalteke atlaryny toýa altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezäp getirýär. Milli at lybaslary bilen bezelen ahalteke bedewleri göwünleri galkyndyrýar. Halkymyzyň şöhratly taryhyna şanly sahypalary ýazan, at-owazasy äleme dolan, ýyndamlykda, gözellikde deňsiz-taýsyz türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary halkara bäsleşiklere taýýarlamak, ýaş nesilde ganatly bedewlerimize bolan söýgini we sarpany terbiýelemek babatda durmuşa geçirilýän beýik işler bizi diýseň begendirýär.

Türkmen bedewleriniň çarpaýa galşy, kişňeýşi, towsaklaýşy, aýagynyň inçeden uzynlygy, toýnaklarynyň berkligi, boýnunyň uzyn hem gelşikliligi daşary ýurtly atşynaslaryň hem ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedewlerimiziň şanyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlarynda uly dabaralar geçirilýär. At çapyşyklarynyň guralmagy her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Şeýle hem «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» bäsleşiginiň geçirilmegi ahalteke atlarynyň şan-şöhratynyň artmagynda, iň owadan ahalteke bedewini saýlap-seçmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýetginjek çapyksuwarlaryň hem-de halypa seýisleriň gatnaşmaklarynda «Ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-baýramlarymyzyň bezegidir» atly şygar astynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda ýetginjek çapyksuwarlara hem-de halypa seýislere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Durdymyrat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

25.04.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.