TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Atda wepa-da bar, sapa-da” ady bilen çapdan çykan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde guradylar.

Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenjek günleriniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyza baýramçylyk sowgady bolan bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy diýseň täsirli boldy. Dabarada birnäçe çykyşlar diňlenip, çykyşlaryň her birinde kitabyň many-mazmuny, onuň gymmaty baý maglumatlar esasynda açylyp görkezildi, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri ýaňlandy.

Dabaranyň ahyrynda “Atda wepa-da bar, sapa-da” ady bilen çapdan çykan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,

TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.