ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Aşgabat şäheriniň «Olimp» sport mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Bagtyýar döwletiň bagtly ýaşlary» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan tämiz bolmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaş nesillere sagdyn durmuş ýörelgelerine uýmaklaryny ündediler.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşan okuwçylar ýurdumyzda sporty ösdürmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

Rüstem MÄM­MEDOW,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Ahal welaýatynyň «Tejenelektrikulgamy» kärhanasynyň mejlisler zalynda Tejen şäher häkimliginiň, hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda edep-terbiýe dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işleri diýseň uludyr.

Batyr ORAZGEL­DI­ÝEW,

TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Garagum etrabynyň «Garagum» sport toplumynda sportuň ýeňil atletika gör­nü­şi bo­ýun­ça 2001 — 2003-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Şowhunly we çekeleşikli geçen ýaryşda okuwçylar bu ugurda öz kämilligini görkezdiler. Ýaryşda ýeňiji bolmagy başaranlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Allanazar ME­REDOW,

TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Milli Liderimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik okuwçylaryň zehinini açmaga, ukyplaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik boldy.

Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenabat şäher Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýusup BABA­KU­LOW,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Serdar etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Te­bi­ga­ta söý­gi — Wa­ta­na söý­gi» ady bilen goşgy ýazmak boýunça bäsleşik geçirdi. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň ençemesi gatnaşdy. Okuwçylar ýazan goşgy setirlerinde eziz Diýarymyzyň belent ösüşlerini, türkmen tebigatynyň gözelliklerini, ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny çeper beýan etdiler.

Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, I orna etrabyň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gyrmyzgül Durdyýewa, II orunlara 9-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýtäç Amansähedowa bilen 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Perene Aşyrowa, III orna 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulşat Saparmyradowa mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan okuwçylara Serdar etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýrambike SAPA­RO­WA,

TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Ata-babalarymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewleriň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sarpasy uly tutulyp, aýratyn söýgi bilen gurşalýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen çäreler ýurdumyzyň çar künjüni gurşap aldy. Bu baýramçylyk mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Abadanlyk daýhan birleşigin­de hem «Toý­la­ryň be­ze­gi — türkmen bedewi» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde Gubadag we Boldumsaz etraplarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hormatly Prezidentimizi, Watanymyzy, ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi wasp edýän şirin owazly aýdymlary, folklor çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýere ýygnananlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Baýramçylyk mynasybetli guralan ýaş suratkeşleriň atçylyk sungatyna degişli çeken surat sergileri çärä özboluşly bezeg çaýdy.

Çary KA­KABAÝEW,

TMÝG-niň Gubadag etrap Geňeşiniň başlygy

"Nesil" gazeti,

02.05.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.