Hormatly Prezidentimiziň il-ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, erkinligini we azatlygyny goramak ugrunda uly mertlik görkezen merdana ata-babalarymyzy sarpalamak babatda öňde goýýan wezipeleri, durmuşa geçirýän anyk işleri ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk göreldedir. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezip, mertlerçe wepat bolanlary, şeýle-de şu gün hem aramyzda ýaşap, ýaş nesle görüm-görelde, wagyz-ündew edip ýören milli gahrymanlarymyzy ýatlap, sarpalap durmak bu işleriň möhüm bölegidir.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda Ýeňiş güni mynasybetli Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ýaşulular hem-de ýar ojagyny saklap, ýalňyz galan eneler bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem ýokarda aýdylanlary maksat edindi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçen bu duşuşyk “Görelde mekdebi siz, Watan Gahrymanlary” ady bilen geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar, ýokary okuw jaýlaryndan talyplar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlar diýseň täsirli bolup, munuň özi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjy uruş weteranlaryna, enelere we ýaşululara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de ýurdumyzyň asudalygyny, jebisligini, mizemez berkararlygyny gorap saklamakda çäksiz alada edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.