WATANYŇ KUWWATY — BAGTYÝAR GERÇEKLER

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler olaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagyna, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Milli medeniýetimize we sungatymyza bolan söýgini artdyryp, olaryň gazanýan her bir üstünlikleri halkymyzda buýsanç döredýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýylyň-ýylyna geçirilmegi hem bu maksatlardan gözbaş alýar.

1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli yglan edilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry düýn Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkezinde boldy. Oňa güneşli ülkämiziň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýigitleriň 24-si gatnaşyp, öz aralarynda düzgünnama esasynda üç şert boýunça bäsleşdiler.

Baýramçylyk ruhuna beslenen sahnada ýigitler bäsleşigiň birinji şerti boýunça saýlan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýşyň üsti bilen wasp etdiler. Soň­ra «Türk­me­nis­tan — ro­waçlygyň Watany» ýyly bilen baglanyşykly aýdym-sazyň, goşgularyň, monologyň üsti bilen sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezdiler. Bäsleşigiň bu şerti olara türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk ýaly häsiýetlerini açmaga mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň soňky şertine görä, talyp ýigitler degişme sahnasyny görkezmek bilen, tomaşaçylara ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary bagyşladylar.

Başarjaň ýigitleriň ýokary taýýarlykly çykyşlary bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy hem-de olaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslendirilmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşikde ýeňiş gazanan gerçek ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Işjeň gatnaşan ähli talyplar bolsa Hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.

Gurbannazar ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

04.05.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.