PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan yglan edilen «Parahatçylygyň ilçisi» atly edebi-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.  

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşige ýüze golaý ýaş öz eserleri bilen gatnaşdy.

Bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitlere, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde gazanýan üstünliklerine, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmeklige gönükdirilen, ynsanperwerlige ýugrulan daşary syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegine göwünleri joşýan ýaşlarymyzyň eserlerini halk köpçüligine ýetirmek we olary döredijilige has-da ruhlandyrmak maksady bilen geçirildi.

Ýurdumyzda şeýle döredijilik bäsleşikleriň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.