SAGDYN ÝAŞLAR-BERKARAR DÖWLETIŇ RÖWŞEN GELJEGI

Şeýle at bilen Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat Polisiýa müdirligi hem-de welaýat sport we ýaşlar  syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini gurnaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň saglygy döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň birine öwrüldi. Olaryň sagdyn hem-de  berk bedenli bolmaklary, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda bolup geçýän ösüş-özgerişlere mynasyp goşantlaryny goşmak, ýaramaz endiklerden daşda durup, sport bilen meşgullanmak ýaşlaryň gündelik kadasyna öwrülýär. Çykyş edenler şular dogrusynda gürrüň etmek bilen, talyplara  temmäki önümleriniň zyýanyny, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgünleriň berk berjaý edilmelidigini düşündirdiler. Sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň mekanyna öwrülen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda  uly aladalary edýän  hormatly  Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Güýçmyrat Ýagşyýew,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9679 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9272 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10272 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.