“PAÝHAS ÇEŞMESI” KITABYNDA SUW HAKYNDA

Ýer görki – suw, suw görki – guw.

* * *

Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il.

* * *

Damja suwdan tal çykar.

* * *

Tereň suwlar bulanmaz.

* * *

Odunyň – gurusy, suwuň – durusy.

* * *

Ekiniň hemdemi suw, ýeriň – melhemi.

* * *

Göçjek diýip, odunyňy ýakma,

Guýy göründi diýip, suwuňy dökme.

* * *

Nan – uludan, suw – kiçiden.

* * *

Oglanly öýde odun durmaz, gyzly öýde – suw.

* * *

Ot – dokluk, suw – semizlik.

* * *

Suw gaýnap goýalmaz, ýaman hiç wagt oňalmaz.

* * *

Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen.

* * *

Suwuň siňňin akanyndan gork, gyzyň – ýere bakanyndan.

* * *

Wagt dagy gemrer, suw – daşy.

* * *

Söz eýesi – gulak, suw eýesi – bulak.

* * *

Balygyň diriligi suw bilen.

* * *

Bikär düýşi suwa aýt.

* * *

Suw – akan ýerine, bagt – bakan ýerine.

* * *

Suw akar – göz bakar.

* * *

Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen.

* * *

Suw gezegini beren ýyl ajy galar, tamdyr gezegini beren – gün ajy.

* * *

Suw köp ýatsa ajar.

* * *

Gyş suwy – gyzyl suwy.

* * *

Suw sakasyz bolmaz, don – ýakasyz.

* * *

Daýhanyň hazynasy – ýer, suw.

* * *

Suwy sep – siňer ýere, sözi aýt – sygar ýere.

* * *

Şory döredýänem suw, eredýänem.

* * *

Aglap-aglap pel çeken, gülüp-gülüp suw tutar.

* * *

Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar.

* * *

Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz.

* * *

Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR