Reýhan Horezminiň “Mertebeler we kemlikler” kitabynda edep hakynda

Lukman Hekim: «Edep-terbiýe akylly başyň dumanyny aýrar, akmagy bolsa dumana gaplar. Ol, edil gündiziň gözli adamlaryň görüşini artdyryp, ýarganatlaryň görejini peseldişi we garaňkylyk bilen örtüşi ýalydyr. Akylly adam her hili bela-beteriň öňünde sarsmaz gaýalar ýaly mäkäm durar, çekinmäni bilmez. Nadan adam bolsa, her öwsen şemalyň yrgyldadyp geçýän saman çöpünden gorkup, dowla düşer» diýipdir.

***

«Edep näme?» diýip, Hajjaj Ibn Kyrryýeden soranda, ol: «Başardygyňça gaharyňy basmak» diýipdir.

***

Muhammet ibn Beşir Haryjynyň aýdany: «Gapysyna barsaň, eli açyk we edepli biri garşy alýan öý, iň döwletli howludyr. Eger şol adamyň dosty bilen doganyna gözüň düşse, olaryň haýsysynyň süýtdeş doganydygyny tanap bilmersiň».

***

«Edep haçan ýoklugyndanam ýaman bolýar?» diýip, käbir hekimlerden soralanda: «Haçanda edep akyldanam artyk saýylanda» diýipdirler.

***

Sagyt ibn Humaýdyň sözleri: «Ata-babalaryňy ýatlap, magtanmagyňy bes et. Biziň ählimiz Adam ata bilen How eneden gözbaş alýarys. Buýsanmak isleseň, şu dört zada eýe bol: Takwalyk, haram işden saklanmak, ýagşy edep we akyllylyk. Bu dört zat bilen sen mertebäniň we öwginiň örküjine çykarsyň».

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR