Halk döredijiliginiň gyzykly žanrlarynyň biri-de matallardyr. Haýsy-da bolsa, bir predmetiň göçme manyda suratlandyrylyp, onuň sorag görnüşinde berilmegine matal diýilýär. Matallaryň “tapmaça” diýen ady hem bar. “Tapmaça” ýa-da “tapmak” diýmekligiň özi pikir etmek, oýlanmak, bilmek, netije çykarmak, bir gizlin zady açyp görkezmek diýen ýaly manylardan ybaratdyr. Ol sorag ýa-da ýumuş şekilindedir. Matalyň manysy-matal esaslaryny öz içine alýan obýektdir, ýagny soragyň ýa-da ýumşuň jogabydyr. Grek filosofy Aristoteliň aýdyşy ýaly, matallar oňat düzülen metaforadyr. Olarda göçme manyda ulanylýan söz we aňlatma obrazly berilýär:
Garaja güjük ýatyr üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek.
(Gulp).
Şu matalda ilkibaşda itiň keşbi göz öňüne gelýär. Soňra oýlanyp oturylsa, öýi üýrmän goraýan zadyň gulpdygy, ýagny güjügiň häsiýetiniň gulpa geçirilendigi mälim bolýar. Ady tutulýan hem-de ady tutulman, gizlin saklanylýan zatlar (predmetler) kähalatda deňlikde suratlandyrylýar. Matalyň jogabynda ady tutulman, oňa degişli bolan sypatlar suratlandyrylýan, beýan edilýän zadyň üsti açylýar:
Pessejik ýerden gar ýagýar.
Şu matalda esasy alamatlar-“pessejik” hem “gar ýagýardyr”. Bu alamatlar hakynda üns bilen oýlanylsa, onda “Gar ýaly bolup, nähili ak zat ýagyp biler?”, “Özem pessejik ýerden” diýen sowallar gizlin saklanylýan zadyň, ýagny “un bilen elekdigini” mälim edýär.
Matallar halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawutlylykda, onda meňzedilýän zadyň (predmetiň) aňladyljak bolunýan zada (mana) çalym etmegidir. Meňzedilýän zatlar biri-birinden daş hem bolsalar, biri beýlekini göz öňüne getirýän, ýa bolmasa hakyda getirmäge mümkinçilik berýän bolmalydyr. Bu zatlar matallar üçin esasy häsiýetlerdir.
Käbir matalda meňzeşlik örän az duýulýar:
Gaýradan gelýän al peri,
Gulaklary sal peri.
Gaýnar onuň garagy,
Demirdendir ýüregi.
(Möjek).
Şeýle matallaryň jogabyny birbada tapaýmak kyn düşýär. Şonuň üçin jogabyny tapmak kyn düşen matallarda “Janlymy-jansyz”, “Öýdeçimi-düzdeçi”, “Iýmelimi-iýmesiz” diýen ýaly sowal-jogaplar ulanylýar. Şunuň ýaly sowallar arkaly matalda gizlin saklanylan zada (predmete) golaýlaşmak mümkin. Matalyň manysyny oýlap tapmak üçin zadyň (predmetiň) käbir sypaty, daş görnüşi, bitirýän işi, edýän hyzmaty-da duýdurylýar, salgy berilýär. Matalyň jogabyny tapyp bilmedik adamdan: “şäher ber”, “ýurt ber” diýlip, ýurt we şäher “alynýar”. Utulan adam: “şäher berdim” ýa-da “ýurt berdim”, “pylan şäher seniňki” ýa-da “pylan ýurt seniňki” diýip, tä razy bolýança, şäher, ýurt “bermeli” bolýar. Mataly aýdýan adam ýurt, şäher “alyp” razy bolansoň, matalyň jogabyny aýdýar. Kim köp ýurt ýa şäher “alsa”, şol adam matal aýtmakda ýeňiji hasaplanylýar. Ýurt ýa şäher almak düzgüni soňky wagtlarda ýüze çykypdyr. Has irki wagtlarda matalyň jogabyny bilip, ýeňiş gazanana baýrak hem berler ekeni.
Matallar esasan zadyň (predmetiň) daş görnüşine hem-de ýerine ýetirýän hyzmatyna baglylykda düzülýär:
Aňyrsy tiken, bärsi tiken, ortasy tiken.
(Ýüň darak).
ýa-da:
Garaňky içerde bili bagly gul ýatyr.
(Sübse).
Matallaryň temasy giň. Olaryň köpüsi daýhan durmuşy hakyndadyr. Türkmen öýi, esbaplary (uk, tärim, tüýnük, gamyş bagy) hakynda düzülenleri-de az däl:
Uzyn-uzyn uzanar,
Her wagtda bir bezener.
(Tärim)
Tagan, ýanlyk, tamdyr, çyra, ýorgan-düşek hakynda düzülen matallar:
Altyn-kümüş başynda,
Hyrydary daşynda.
(Çyra)
Ekerançylyk hem maldarçylyk bilen baglanyşykly matallaram döredilipdir. Sebäbi geçmişde adamlaryň kesp-käri esasan ekerançylyk hem maldarçylyk bolupdyr:
Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany,
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany.
(Bugdaý)
Tagam bildirýän matallar:
Düwdüm, guýa taşladym.
(Börek).
Tebigat, predmet, hadysalar hakyndaky matallar:
Daşy gan ýaly,
Içi un ýaly,
Oturşy Abdylla han ýaly.
(Igde).
ýa-da:
Kiçisi ulalmaz,
Ulusy kiçelmez.
(Daş).
Alym G.Gurbanow matallary şu aşakdaky ýaly görnüşlere bölüpdir:
1. Predmet matallary (ýa-da obýekt hakyndaky matallar). Olar matallaryň gadymy hem giň ýaýran görnüşidir. Predmet mataly halkyň zähmet tejribesi bilen tanyşdyrýar. Eger ol esasy bir obýekti alsa, ýönekeý matala degişli bolýar:
Uly agzy bikär,
Kiçi agzy hyzmatkär,
Egrisi el oýkar
(Kündük).
2.Soragly matallar. Olar soňky döwürde dörän matallar bolup, esasynda sorag sözlemi durýar:
―Dünýäde iň süýji zat näme?”, ”Dünýäde iň agyr zat näme?” we ş.m. Soragly matallaryň degişme häsiýetindäkileri hem bar:
“Bir sagat on bäş minut köpmi ýa-da ýetmiş bäş minut?”(deň).
3.Ýumuşly matallar. Olar esasan sorag şekilinde aýlawly sözlerden düzülýär:
Ýabyda bir adam bilen syrtlaşyp gelýän gyza: “Öňüňdäki oturan kim bolar?” diýlende, gyz şeýle jogap berýär:
Bu meniň janym,
Men onuň jananasy,
Munuň ejesi,
Meniň ejemiň,
Gaýyn enesi.
(Ol adam gyzyň kakasy).
4.Taryhy şahsyýete degişli matallar. Hojamşükür taryhy şahsyýet bolup, onuň ady käbir matalda getirilýär:
Agzy dardyr, alamat,
Içi gyzyl, kyýamat,
Öl girer, gury çykar,
Hojamşüküre salamat.
(Tamdyr, hamyr, çörek).
5.Ertekili matallar. Matallar ertekilerde guramaçylyk roluny oýnaýar. Göçme manyly sözleşik häsiýetinde bolýar. Ondan matalyň aýrylan halatynda, ertekiniň many-mazmuny ýitýär. (“Togsan torba”, “Dört teňňe” ertekileri)
6.Edebiýat matallary. Olara “tapmaça” ýa-da “kim bilmeşek” hem diýilýär. Edebiýat matallary ýazyjy-şahyrlar tarapyndan şahyrana görnüşinde düzülýär.
7.Aýdymly matallar. Olara esasan oglan bilen gyzyň aýdyşygy degişlidir
8.Sazly matallar. Teleradio üsti bilen berlip, aýdymyň sazy, sözi, ýerine ýetirýäniň kimdigi anyklanýan sazly ýumuşlar.
9.Metbugatda çap edilýän rebuslar, krosswordlar.
Emma sazly matallar-da, rebuslardyr krosswordlar-da çeper döredijilik hasaplanylmaýar. Irki wagtlarda rowaýatlarda (Soltansöyün we Myraly, Keýmir kör), eposlarda hem dessanlarda (Görogly-Aşyk Aýdyň pir, Aşyk Aýdyň pir-Nejep oglan), çeper eserlerde (Magtymguly bilen Azady hem-de Durdy şahyr) akyl – paýhas synamakda matallar ulanylypdyr.
Matallar köplenç iki, dört we ondan hem köp setirden ybaratdyr. Olar gepleşik görnüşinde hem bolýar. Matallaryň her setiriniň üç, dört, bäş, alty, ýedi we ondan hem köp bogunlylary bar. Setir sanlary çakdan aşa köp bolup, bogun sanlaram bir kadada saklanmaýan (meselem, bir setiriň bogun sany 3-4 bolsa, beýlekileri 7-8 bogundan ybarat) matallaryň jogaby-da bir sözden bolman, köp sözleri öz içine alýar.
Matallaryň dili sada hem düşnükli. Olaryň ençemesinde rubaga mahsus bolan a a b a, w w b w düzgüni ulanylýar. Deňeşdirme, ulaltma, kiçeltme, meňzetme, göçme many ýaly çeperçilik serişdeleri peýdalanylýar.
Matallara durmuş tejribesi, adamlaryň pähim-paýhasy siňdirilipdir. Olaryň terbiýeçilik, durmuşy öwredijilik ähmiýeti bar. Matallar halkyň dünýägaraýşyny, psihologiýasyny, däp-dessuryny, çeper ussatlygyny öwredýär.
Matallar gyzykly oýun. Halk matallary döretmek bilen boş wagtyny diňe bir gyzykly geçirmegi göz öňünde tutmaýar. Matallaryň synçylygy, daş-töwerek, ýaşaýyş baradaky pikiri ösdürmekdäki, pikirleniş ukyby, esasan-da ýetginjekleriň oýlanyş duýgularyny kämilleşdirmekdäki hyzmaty ulydyr. Olar adamyň çeper sözlemegine, pikiriniň, gözýetiminiň giňelmegine kömek edýär. Ýurt Garaşsyz bolansoň , matallaryň ulanylyşy, onuň gerimi artýar. Olar indi folklor oýunlarynda-da, toý aýdymlarynda-da giňden ulanylýar.