Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz ylmy taýdan öwrenilýär. Şeýle gymmatlyklara taryhy ýadygärliklerimiz, dilimiz, edebiýatymyz, gadymdan galan senetlerimiz we beýlekiler degişlidir. Taryha nazar aýlanymyzda, türkmen durmuşynda uly orun tutan gurallaryň biri hem degirmendir.
Irki döwürde babadaýhanlarymyz harmany adatça iýul aýynyň ahyrynda awgust aýynyň başynda iri öý haýwanlary “çarhlar” diýlip atlandyrylýan gurala goşmak arkaly döwdüripdirler. Harman almak, degirmende un üwemek bilen baglanyşykly birnäçe atalar sözleri hem döräpdir: “Harmana giren çaň bolar”, “Harmanyň harpygy bardyr, ýumrugyň şarpygy bardyr”, “Bugdaýyň ahyr jaýy degirmen”, “Degirmende göwün gören günajy galar”, “Üç ýyl açlyk bolsa-da, degirmençi aç bolmaz”.
Halkymyz degirmeni gadymy döwürlerde ulanyp başlapdyrlar. Degirmen daşy üçin ýasalan daşlar ýonulyp, tekiz ýylmanak edilipdir. Soňra un gowy üweler ýaly onuň ýüzi ýörite ýasalan iki tarapy hem tapkeşli polat çekiç ýa-da çoýundan guýlan köne ýerdemir bilen urlup, büdür-südür, para-para edilip, diş çykarylypdyr. Degirmeniň aşaky we ýokarky daşlaryna “paý” diýlipdir.
Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde ýokarky paýa “üstünlik”, aşaky paýyna “astynlyk” hem diýilýär. Degirmen daşlarynyň aşaky paýynyň ortasyndan deşik edilip, ondan hem togalak agaç geçiripdirler. Bu agajyň togalaklygyna, topa meňzeşligine görä oňa “topagaç” diýilýär. Degirmeniň ýokarky daşynyň ortasyndan bugdaý, arpa guýmak üçin deşik edilipdir. Ol deşige “dol” diýilýär. Şol deşigiň içinde bolsa keseligine ortasy deşik agaç goýlupdyr. Bu agajyň adyna “pilek” ýa-da “jykyryk” diýlipdir. Jykyryk dänäni kadaly döwmek üçin ulanylypdyr. Aşaky daşyň deşigindäki topagajyň içinden ýylgyn ýaly sagdyn berk agaçdan edilen inçe, süýnmek agaç geçirilip, jykyrygyň ortasyndaky deşige geýdirilipdir. Daşky görnüşiniň süýnmekligine görä bu agaja “süýbek” diýipdirler. Ýokarky degirmen daşy hem jykyryk arkaly şol süýbegiň daşyndan aýlanýar. Şol sebäpli hem türkmen halk döredijiliginde “Gyz görnügi gabakda, degirmen erki süýbekde” diýen nakyl döräpdir.
El degirmenlerinde başga-da suw, ýel bilen işledilen, öý haýwanlarynyň kömegi arkaly ýöredilen galla üwelýän degirmenler hem bolupdyr. Mundan başga-da tutuş obanyň hasylyny üwemek üçin uly harazlar bolupdyr. Şol harazlary işledýän adamlara bolsa “kilwan” diýlipdir.
Suw we ýel degirmenleri halkymyzyň maddy medeni we taryhy mirasynyň ajaýyp ýadygärlikleridir. Olar biziň eýýamymyzdan II-IV asyrlarda peýda bolup, XX asyryň ikinji ýarymyna çenli halkymyza hyzmat edip geldi.
Degirmen miras boýunça ogla geçipdir. Şeýlelikde degirmeni, baý adam ýa-da iki-üç bolup gurup, oňa birlikde eýeçilik edipdirler. Türkmeniň “Degirmenim — bezirgenim” diýmegi tötänden däldir. Türkmenler suw degirmenlerini Dawut pygamberiň eli degen hökmünde keramatly saýypdyrlar. Degirmeniň içini, daş-töweregini örän arassa saklapdyrlar.
Suw degirmeniniň işi üçin iň zerur zadyň suwdugy düşnüklidir. Suw aýratyn köp mukdarda we güýçli akym bilen gelip, agramy 100 kilograma barabar bolan degirmen daşlaryny herekete getiripdir.
Hut şonuň üçinem “Her kimiň bir derdi bar, degirmençiniň derdi — suw” diýen atalar sözi ýöne ýere döremändir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň özboluşly maddy mirasy bolan suw degirmenlerini, olaryň gurluş we ulanyş aýratynlyklaryny, enjamlaryny, gurallaryny, şeýle hem degirmenler bilen bagly däp-dessurlary we yrymlary ylmy taýdan öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.