“GARYPLYKDAN GAÇ”
“Garyplyk, ýoksullyk” diýenimde maddy taýdan ýeter-ýetmezligi, mätäçligi göz öňünde tutamok, ol zatlardan gaça durmaklyk, ol zatlara kowalaşmazlyk nesihat ýa ündew etmezden hem düşnükli, aýdyň zat. Men medeni, aň-düşünje, sowat-bilim taýdan garyplygy göz öňünde tutýaryn. Bu babatda az zat bilen kanagat etjek bolma, maglumat goruňy baýlaşdyrmak islegine we zähmetine asla ýaltalyk etme. Küti-küti kitaplaryň, žurnallaryň, gazetleriň, internet sahypalarynyň içine siň, guwwas deýin çüm, dür tapman hem yzyňa dolanma. Seniň maglumat goruňy, ylym-bilimiňi baýlaşdyrjak zatlara yhlas bilen çemeleş. Şonuň bilen birlikde öz ummasyz pikirleriňi, düşünjeleriňi, ylhamlaryňy hem belläp al.
Käbir adamlar özünde bar bolan mümkinçiligi artdyrmak, ukyp-başarnygy kämilleşdirmek üçin baş galdyranoklar. Olar hemişe dar çygyrda ýaşap, şol bir duýgy bilen gezip ýören ýaly görünýär. Olaryň pikir-düşünjesi, gyzykly pikir alyşmalar üçin gerek bolan gözýetimleri giňelmeýär. Megerem, pikir gurluşlary, pikir binalary başga hili hereket etmäge mümkinçilik bermeýän bolarly.
Ýogsamam, bar küýi-pikiri seýilgählerde, barlarda, kafelerde, internet saýtlaryndaky gürrüňlerden ybarat bolsa, olar neneň ýaşap ýören döwri we dünýäsi bilen deň, aýakdaş ýöresinler, beýlekiler bilen neneň medeniýetli, salykatly söhbet etsinler? Ýekeje gün hem olaryň elinde kitap görmersiň, ýa-da bir gün nähilidir bir zat hakda çynlakaý oýlanyp, pikir edip durandygyna gözüň kaklyşmaz.
Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanymda, olar köplenç maňa synaga giren we ýylandan başga hiç zat hakda bilmeýän talybyň gününi ýadyma salýar. Ol talypda ýylanlar hakda baý maglumat gory toplanypdyr, ýöne durmuş meselesi diňe ýylanlaryň kesgitlemesi bilen çözülmeýär.
Synagda oňa piller hakyndaky sorag düşüpdir. Mugallym pili ilik-düwme, gowy edip suratlandyrmagy haýyş edipdir. Talyp uzak wagtlap pikire çümüpdir, beýnisine agram salyp pikir edipdir, ahyry şeýle jogap beripdir: “Pil örän äpet haýwan, onuň uzyn holtumy bar. Piliň bu holtumy uly ýylanlary ýadyňa salýar. Ýylan bu...”. Soňra ol ýylanlar hakda bilýän bar zadyny jikme-jik gürrüň beripdir. Ine, şu talyp aň-düşünje misginlerine meňzeýär. Olar nämedir bir zat hakda bir habar ýa maglumat eşidýärler, oňýarlar. Şol maglumat hakda pikirlenjek, oýlanjak, ol hakda täze zatlary biljek, öwrenjek bolanok. Täze maglumatlary we pikirleri gözlänok, şeýdibem düşünjesi dar çygyrda galyberýär. Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda hem kyn güne galýaň. Käteler özüň şolaryň derejesine çenli peseläýmeseň, olar bilen düşünişip ýa-da düşündirip biljek gümanyň ýok. Olaryň düşünje meýdany şeýle bir dar welin, hatda ol ýere täze maglumat sygjaga hem meňzänok. Ilki bilen düşünje örüsini, meýdanyny giňeltmeli. Olar tankydy dagyn asla kabul edenoklar. Özüne aýdylýan bellikleri hem bilgeşleýin edilýän hüjümlere deňeýärler. Gaýta, özgeleri düşünjesizlikde, durmuşdan yzagalaklykda aýyplaýarlar. Kellesini gyzdyryp, sesine bat berip, gürleýärler welin, hamana ähli zatda hakly bir özi ýaly. Durmuşy goh bilen gazanjak bolýarlar. Emma sen bu duzaga, çirtmege özüňi aldyrma! Ylym-bilimiňi, aň-düşünjäňi, medeni derejäňi artdyrmak bilen sen bu duzakdan halas bolup bilersiň.
Okaýan wagtyň, sen akylyňdan bir sahypa ýokary galýarsyň, ol ýerdäki durmuş tejribeleriniň, pikirleriň, çaklamalaryň, teklipleriň üstüni açýarsyň. Bu bolsa seni adaty adamlardan ýokary göterýär. Beýikleriň we alymlaryň öňünde oturmagyň seniň ömrüňe ýene bir ömür goşýar. Ukyp-başarnygyň we güýç-kuwwatyň artmagyna getirýär.
Adamzadyň hal-ýagdaýy, ýaşaýşy, durmuşy hakda pikir edýärkäň, takdyr we ýazgyt meselesine düşünmek isleýärkäň, Allatagalanyň ryzk we ondan mahrum bolmak, beýige göterilmek we pese düşmek dogrusyndaky hikmetleri hakda kelle döwýärkäň, bir zada haýran galýarsyň: durmuş hakdaky düşünjeleriň depesine çykmak üçin barmak ujunyň hakykatyň zerre bölejiklerine sähel galtaşmagy hem ýeterlik. Aýtmaklaryna görä, düşünjeli adam hemme zat hakdaky bir zady we bir zat hakdaky hemme zady bilýär diýilýär. Ine, sagdyn düşünjeli, pikirli adamlaryň bir häsiýeti, alamaty şeýledir.
Seniň etmeli işiň, saňa berjek maslahatym: hemme zat hakda oka, hemme zat barada özüňe ýeterlik düşünjäň, sowadyň bolsun, ýöne haýsy hem bolsa bir ugry has çuňňur öwren.
Ylmy gözlegleriň, okaýan, öwrenýän zatlaryň ýüzde 50 göterimini öz ugruňa, hünäriňe degişli bolsun. Galan elli göterimini beýleki ugurlara bagyş et. Gazet sahypalaryny gözden geçireniňde, ilki bilen ol ýerden öz ugruňa degişli, soňra hökmany ýagdaýda medeni, aň-paýhas, sport, ylym we sungat, syýasat hakdaky ýazgylary oka.
Ilki göräýmäge ýönekeý ýa-da juda ähmiýetli, gyzykly görnendigine garamazdan, seniň okan, öwrenen, gözden geçiren her bir maglumatyň nähilidir bir usul bilen, haçandyr birwagt saňa hökman haýry deger. Okalan zatlaryň miwesini ýolmaly, hasylyny çöplemeli wagty hem hökman geler.
Ýene bir zada aýratyn üns bermegiňi towakga edýärin: Okaýan her bir zadyňy maksatly oka! Nämedir bir zady öwrenmek, öwrenen zadyňy özleşdirmek, durmuşa ornaşdyrmak, gowy zatlary özgelere-de öwretmek niýeti bilen oka. Has köp we çuňňur okamasaň, aň-düşünjäň artýan däldir.
Adamlaryň iki görnüşi: az we dar düşünjeli adamlar ýa-da köp okaýan, ýöne pytraňňy düşünjeli adamlar özleri üçin hem, öz halky, milleti üçin hem at-abraý getirip bilmezler. Taryh ýazmak üçin, taryha ýazylmak üçin düşünjäň giň bolmagy zerur.
Mahlasy, hemme zatlar hakda umumy düşünjäň bolsun, ýöne haýsy hem bolsa bir ugurda kämilleş, haýsy hem bolsa bir hünärde ýöriteleş.