AK ÖÝÜŇ ÝARAŞYGY – KEÇE

Ak ýüňden taýýarlanylýan keçeleri ene-mamalarymyz aýratyn usul bilen tämiz edip basypdyrlar. Oňa goýnuň ýaz ýüňi köp, güýz ýüňi bolsa azajyk goşulypdyr. Ak ýüňi birnäçe gezek ýuwup, gurandan soň darapdyrlar. Şeýle keçelere hili pes, zaýalanan ýüň ulanylmandyr. Iň esasy zat bolsa, oňa niýetlenilen ýüňüň birjik-de düýe ýüň garnuwy bolmaly däldigidir. Keçäniň ýokary böleginde, goýun ýüňüniň ak düşeginiň üstünde bölejik düýe ýüňünden edilen sary topbajyk ýa-da tegelejik goýulýar.

Ak keçe taýýar bolandan soň ol bir ýerden asylyp, halallyk üçin suw bilen ýuwulýar. Soňra ýene bir ýola basylýar. Ýurdumyzyň käbir etraplarynda ony bir gezek akar suwda ýuwupdyrlar. Ýuwlan keçäni düýrläp, üstünden ýedi kündük suw akdyrypdyrlar. Birnäçe obalarda bolsa, onuň üstünden üç gezek suw guýmak arkaly halallamak däbi berjaý edilipdir.

Pygamber ýaşyna ýeten ýaşulular üçin ýörite “Pygamber keçe” taýýarlanypdyr. Toýda ýaşulyny şol ak keçäniň üstünde oturdypdyrlar. Çünki bu dabarada ýerine ýetirilýän ähli dessurlaryň aklyk bilen baglanyşyklydygy bellidir.

Keçe önümleriniň ýene biri bosaga keçedir. Irki döwürlerden bäri öýüň bosagasyna keçe düşelipdir. Ol dörtburçlyk görnüşinde basylypdyr. Şeýle hem agşamara gapynyň öňünde düýrlenip goýlupdyr. Ol gije öýüň içine mör-möjekleriň girmeginiň öňüni alypdyr. Häzirki döwürde bosaga keçe tegelek görnüşinde gara keçäniň ýüzüne dürli gülli nagyşlar salnyp taýýarlanylýar. Birnäçe obalarda bosaganyň üstüne ýazylýan gara keçäniň ýüzüni ak ýüň, eger ak bolsa onda gara ýüň goýlupdyr. Bu öýi we şol öýde ýaşaýan maşgala agzalaryny ýaman gözden-dilden goramagyň özboluşly nyşany hasaplanypdyr.

Iki tarapy hem nagyşlanan keçä “goşma keçe” diýilýär. Myhman üçin niýetlenilip, owadan güller salnan, uly bolmadyk myhman keçeler bolupdyr. Olar myhman gelende, myhmansöýerligiň, oňa bolan hormatyň nyşany hökmünde düşelipdir.

Täze gelin üçin gaýynenesi “Gelin keçe” taýýarlapdyr. Bu keçe togalak, owadan nagyşly bolupdyr. Täze gelin ilkinji ädimini ädip, baran öýüniň gapysyndan girenden soň ony ilkinji gezek şol keçäniň üstünde oturdypdyrlar. Bu keçedäki “gülýaýdy”, “goçak”, “alaja” ýaly nagyşlar gelniň baran ýerinde köpelip, örňäp gitmegi dileg edilip salnypdyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR