DANALARDAN DÜRDÄNELER

Gep sözde däl-de, onuň aýdylyş äheňindedir, şol sözüň ulanylyşyndadyr.

***

Akylly adam özgäniň kemçiligini görüp, öz kemçiligini düzeder.

***

Egri çyzgyçdan dogry çyzyk çykmaz.

***

Ýagşy günleň ýolunda müň sany ýaman ýatyr.

***

Kynçylykdan basylmak öz-özüňi kemsitmekdir.

***

Öter dünýä üçin ötmejek abraýyňy satma.

***

Eger ýekeje barmak agyrsa hem ýürek duýýar, emma ýürek agyrsa hiç kim duýmaýar.

***

Içmen diýen guýyňdan aýlanyp suw içersiň.

***

Iki gämä ýapyşan gark bolar.

***

Birnäçe ynsan gördüm egninde eşigi ýok, birnäçe eşik gördüm içinde ynsany ýok.

***

Dostlaryň zyýaratyna eliň boş gitmek, degirmene bugdaýsyz giden ýalydyr.

***

Saglyk sag adamlaryň başyndaky altyn täjidir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär.

***

Gülüň tikeni bar diýip gynanmagyn, tikeniň güli bar diýip begen.

***

Öwrenilen endik örkleseň hem durmaz.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR