KÄDIDE ÜWELEN ETIŇ BIŞIRILIŞI

Türkmen topragy gadymdan bäri ir-iýmişleriň, miweleriň we gök önümleriň köpdürlüligi bilen meşhur bolupdyr. Gawundan, garpyzdan we üzümden başga-da, olara injir, nar, erik, şetdaly, ülje, garaly we beýlekiler degişlidir. Şolar bilen birlikde adam üçin peýdaly bakja ekinleriniň biri-de kädidir. Halk lukmançylygynda ysgynsyz we tapdan düşen näsaglara kädi iýmek maslahat berilýär. Biz hem şu gezekki sanymyzda hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” kitabynyň ikinji tomundan türkmen milli tagamlaryndan kädide üwelen etiň bişirilişi hakynda ýetirmekligi makul bildik.

Gerekli önümler:

440 gram et

1 kädi

0,5 kilogram düýp sogan

40 gram tüwi

60 gram içýagy

Islege görä duz we hoşboý ys beriji zatlar

Taýýarlanyşy:

Çylka eti düýp sogan bilen et üweýjiden geçirmeli, biraz suw, suwda ezilip goýlan tüwi, dogralan gök ot, düýp sogan, duz, burç goşmaly we gowy edip garyşdyrmaly. Kädiniň depesini kesip aýyrmaly, çigitlerinden arassalamaly. Kädiniň içine taýýarlanan farşy salmaly, üstüni kesilip aýrylan bölegi bilen ýapmaly we taýýar bolýança howurpeçde bişirmeli.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR