Nakyllar we atalar sözi – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň bir žanry. Olar halkyň bäş müň ýyllyk taryhy ýolunyň önümidir. Halkyň ruhundan gelip çykan umumadamzat gymmatlyklarymyz – ruhy, ahlak baýlyklarymyzdyr. Gözbaşyny sözleýiş diliniň peýda bolmagyndan alyp gaýdýan nakyllar halkyň durmuş ýagdaýyny, dünýägaraýşyny, däp-dessuryny, ýagşylyk-ýamanlyk pelsepe garaýşyny jemleýär. Nakyllara iň baý halklaryň biri-de türkmenlerdir. Uludan –kiçä öz sözleýşinde, ýazýan eserinde nakyllary hem-de atalar sözüni ulanmaýan adam ýok bolsa gerek. Nakyllar köp ýaýran žanrdyr. Olar adamlaryň durmuşynda her gün diýen ýaly ulanylýar. Onuň wagty-salymy, ýeri-ýurdy ýok. Toý-tomaşada, ýasda, aýatda, işde, dynç alyşda, öýde, mahlasy ynsan ýaşaýşynda – ähli ýerde peýdalanylýar. Nakyllar öwüt-nesihat, tälim berýän halk aňlatmasydyr. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, ýagşy-ýamany saýgarmakda, azaşany ýola salmakda, durmuşda öz ornuňy tapmakda uly mynasyp orny bardyr.
Nakyllar şu aşakdaky maksatlarda peýdalanylýar:
Birinjiden, öwüt-nesihat bermek üçin;
Ikinjiden, pikiriň düşnükli, täsirli bolmagy üçin;
Üçünjiden, aýdan sözüňi tassyklamak üçin;
Dördünjiden, ýazylýan eserlerde çeperçilik serişdesi hökmünde ulanmak üçin.
Nakyllar baý tejribe esasynda, söze çeper adamlar tarapyndan döredilýär. Olar wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdirilýär hem-de baýlaşdyrylýar. Türkmeniň folklor eserleri-de Oguz han döwründen gaýdýar. “Keçäňi satsaň, goňşyňa sat, baraňda ýene özüň üstünde oturarsyň”, “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz”, “Obadaşym – babadaşym”, “Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak”, “Kyýamat güni goňşudan” diýen ýaly nakyllar Oguz han döwründe döräpdir.
Alym A.Baýmyradowyň pikiriçe, türkmen folklorynyň emele gelşini dikeltmekde gadymy eser bolan “Awesta” ygtybarly çeşmedir. “Awesta” girizilen nakyllary öwrenmek hem-de peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolar. “Oguznamada”, “Gorkut atada”, Ýusup Balasagunlynyň “Bagt getirýän bilim” eserinde, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” kitabynda we beýleki eserlerde nakyllaryň ýazuw edebiýatdaky çeşmeleri bar.
Atalar sözi bilen nakyllar biri-birine meňzeş ýaly bolup görünse-de, olaryň arasynda özara tapawut bar. Atalar sözi düzülişi taýyndan ýönekeý bolup, many-mazmun sadalygy, göz öňünde tutýan maksadynyň gönümelligi boýunça (“Işlemedik – dişlemez”, “Söýenişen ýykylmaz”, “Müň gaýgy bir iş bitirmez” we ş.m.) tapawutlanýar. Ýöne welin atalar sözüniň göçme manyda (“Ýatan öküze iým ýok”, “Il oňlasa atyňy soý”, “Düýe garrasa, köşegine eýerer”, “Bu günki serçe düýnki serçä “jik-jik” öwreder” we ş.m.) ulanylýan ýerlerem bar.
Nakyllaryň köpüsiniň döreýşi rowaýatlar, taryhy wakalar (“Buz üstünde tozan arama”, “Aýazhan çarygyňa bakarak”, “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol” we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr.
Alym A.Öwezowyň pikiriçe, rowaýatlara esaslanmazdan, nakyllaryň köklerine, saklaýan syrly maglumatlaryna aralaşmak hem kyn. “Hemedan daş bolsa-da, kädi ýakyn” diýen nakyl kädi bilen baglanyşdyrylýar. Emma rowaýaty yzarlasaň welin, häzirki “kädi” sözi “kärdi” şekilinde bolup, ol “suwly ýaby” aňladypdyr. Nakylyň taryhyna degişli rowaýatda “kärdiden”, ýagny suwly ýapdan böküp geçmek hakda gürrüň gidýär.
Rowaýatlardan gözbaş alyp gaýdýan nakyllar başga-da az däl. Getirilen maglumatlar rowýatlar bilen nakyllaryň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny görkezýär.
Türkmen nakyllarynyň aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1.Nakyllarda inçeden yzarlanylýan gülki, wäşi degişme bar:
“Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün kümüş, üçünji dün mis, dördünji gün pis”, “At çapyşyňdan-a geçdik, eýeriň gaşyna berk ýapyş” we ş.m.
2.Obraz döretmekde nakyllaryň täsirliligi duýulýar:
“Arkaly köpek gurt alar”, “It üýrer – kerwen geçer” we ş.m.
3.Nakyllarda şiwe sözleri-de getirilýär:
“Adamyň goçagy (ulusy) köwek bolar”, “Bar okaram (tabagym), gel okaram, barmasaň-gelmeseň, orta ýolda syn(döwül) okaram” we ş.m.
Türkmen halky saldamly hem mazmuna baý nakyllaryna ýokary baha berýär. Gysga sözde giň many aňlatmak, ýitilik, täsirlilik, çuňňur oý-pikirler, akyl-paýhas, millilik nakyllara mahsusdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak dessur bolup galypdyr. Beýleki halklar hem nakyllaryna uly sarpa goýýarlar.
Nakyllar durmuş bilen baglanyşykly bolup, adamzat tejribesiniň, asyrlar dowamynda emele gelen synçylygynyň, ynsan aragatnaşygynyň, zähmet çekmekde ýüze çykan oý-pikiriniň gysgaça jemidir. Olar häsiýeti boýunça asyl manyda, göçme manyda hem-de köp manyda ulanylýan toparlara bölünýär. Nakyllar öz şekilini känbir üýtgetmeýän, iň durnukly görnüşi saklap gelýän halk döredijilik eserleridir. Olaryň käbiri bolaýmasa, ýurdumyzyň ähli ýerinde häzirki günlerde şol bir görnüşde, many-mazmunda ulanylýar. Nakyllaryň temasy baý hem-de köptaraplydyr. Durmuşyň haýsy bir ugruna nazar aýlasak, ol barada birgiden nakyllary tapmak bolýar. Adamlara mahsus bolan ýagşy-ýaman ähli gylyk-häsiýetler nakyllarda beýanyny tapýar. Aýal-gyzlara degişli kän nakyllar döredilipdir. Şolarda aýal-gyzlary türkmen durmuşyna laýyk terbiýelemek, edep-ekramly, görüm-göreldeli, eli hünärli edip ýetişdirmek meselesi gozgalýar:
Ene hakyndaky nakyllar: “Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini”, “Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz”, “Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar” we ş.m.
Gelinlik gözlenendäki nakyllar: “Enesizi gelin edinme, atasyzy giýew”, “Gyzyny öwenden gaç, ýeňňesi öweni alyp gaç” we ş.m.
Ýeňňe bilen baldyzyň gatnaşygy hakyndaky nakyllar: “Gelene baldyz, gidene ýeňňe” we ş.m.
Gelin - gyz hakyndaky nakyllar: “Göle düşdüm, ýola düşdüm”, “Gyz gapysy şa gapysy, müňi geler, biri alar”, “Gelniň aýagy, çopanyň taýagy”, “Gelni gelin edýän düşen ýeri” we ş.m.
Gelin-gaýyn gatnaşygy hakyndaky nakyllar: “Gaýyn-gelin gapakly gazan”, “Gaýyn atam ganarym, dolup durar dulumda, gaýyn enem gazanym getirip goýar ýanymda”, “Gelinde dil ýok, gaýynda ynsap” we ş.m.
Nakyllaryň temasy esasan şu aşakdakylardan ybarat:
Zähmet hakyndaky nakyllar: “Işlemedik-dişlemez”, “Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz”, “Galan işe gar ýagar”, “Ýaltanan ýal tapmaz” we ş.m.
Ekerançylyk, daýhançylyk hakyndaky nakyllar: “Ak ner çökmese, boz maýa gaýmaz”, “Ekin ekseň bugdaý ek, mal baksaň goýun bak” we ş.m.
Çarwadarçylyk bilen baglanyşykly nakyllar: “Malym-janym”, “Goýunly baý – goýy baý”, “Düýeli baý – dünýäli baý” we ş.m.
Bedew baradaky nakyllar: “Är ganaty – at”, “Atym bar, ne gamym bar”, “Ertir tur – ataňy gör, ataňdan soň – atyňy” we ş.m.
Watan, il-gün baradaky nakyllar: “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn”, “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä” we ş.m.
Halka hyzmat etmek, ulyny-kiçini hormatlamak hakyndaky nakyllar: “Dek gezen-dok gezer”, “Ýatan ýylanyň guýrugyny basma” we ş.m.
Dost-ýar, ýoldaşlyga degişli nakyllar: “Hasaply dost uzak gider”, “Dost-dost, mamla rast” we ş.m.
Adamkärçilik mertebesi hakyndaky nakyllar: “Ýigit sözi bir gerek”, “Ýagşy ýigit il aýbyn açmaz”, “Göwni açygyň – ýoly açyk”, “Akylly öwrener, akmak öwreder” we ş.m.
Maşgala degişli nakyllar: “Her kimiňki özüne, aý görüner gözüne”, “Ýüpegi saklap bilmez ýüň eder, aýaly saklap bilmez güň eder” we ş.m
Ata-ene, çaga hakyndaky nakyllar: “Ata-enäniň bahasy bolmaz, kümüş-gyzylyň könesi”, “Birim bar – müňüm bar”, “Bal süýji, baldan bala süýji” we ş.m.
Ýerlikli sözlemek, dogry söz hakyndaky nakyllar: “Biseresap gepleseň, dildir başyň belasy”, “Dil bela-diş gala” we ş.m.
Ylym-bilim, goňşy-golam hakyndaky nakyllar: “Bir okana bar, bir-de dokana”, “Hünärli ýigit, miweli agaç”, “Ody gorjasaň – öçer, goňşyny gozgasaň – göçer” we ş.m.
Myhmanparazlyk hakyndaky nakyllar: “Gelen – döwlet”, “Myhman ataňdan uly” we ş.m.
Bulardan başga-da, dostluk-agzybirlik, ahlakly, halal ýaşamak, söýmek, söýülmek, hüşgärlik ýaly meselelere bagyşlanylyp hem nakyllar döredilipdir. Nakyllaryň dili çeper, sada hem düşnükli. Olar çuň manyly we ýeňil görnüşde döredilýär. Halk içinde köp ulanylýany bir ýa iki setirli nakyllardyr. Iki setirli nakyllar özara kapyýalaşýar. Goşgy düzüliş kadasyna boýun egýär. Her setirinde hem aýdyň pikir bar. Iki setirli nakylda habaryň hyzmatynda (rolunda) gelýän söz birmeňzeş sözden bolup, soňky setiriň habary düşürilip aýdylýar:
Oduny ýygan biler,
Maly sagan.
Üç – dört, ondan hem köp setirli nakyllar-da bar. Üç bogundan on alty boguna çenli nakyllara duş gelmek bolýar. Olaryň käbirinde setirleriň bogun sany deň gelmeýär. Şeýle ýagdaýda bir çekimlisi sozulyp, beýlekisi gysga aýdylýar. Çekimli we çekimsiz sesler sazlaşyp gelýär.
Nakyllarda çeper edebiýata mahsus bolan serişdelerden – ulaltma, meňzetme, deňeşdirme, ýaňsylama ýaly çeperçilik serişdeleri ulanylýar. Olar nakyllaryň manylarynyň düşnükli, täsirli bolmagyna getirýär.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen nakyllarynyň ulanylyşy artdy, örüsi giňeldi. Yrakda, Eýranda, Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň nakyllary öwrenilip başlandy. Bu bolsa türkmen diliniň, nakyllaryň baýlaşmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň çäksiz yhlasy bilen çapdan çykan “Paýhas çeşmesi” kitaby her bir türkmen raýatynyň ýan kitabyna öwrüldi.