Gadym eýýamlarda baýlyk, ylym we mertebe üçüsi bir saçagyň başynda jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar. Baýlyk özüni magtap başlapdyr: «Meniň adamlara täsirim örän uly. Sebäbi olar her bir ýagdaýda meni ýatlamaga, maňa arka diremäge mejbur bolýarlar. Köp kynçylyklar meniň bilen çözülýär, meniň ýok ýerimde, tukatlyk höküm sürüp, argynlyk başlaýar» diýipdir. Soňra ylym söze başlapdyr: «Men hemişe-de akyllylar bilen iş salyşýaryn, hatda baýlyk gazanmagyň ýollaryny hem men salgy berýärin. Adamzadyň geljegi üçin gerek bolan zerur zatlary hem men öwredýärin» diýipdir. Onsoň söz gezegi mertebä ýetipdir: «Ikiňize hem sylagym, hormatym örän uly, ýöne mertebäniň ýok ýerinde baýlygyň hem, ylymdarlygyň hem gymmaty egsilýändir. Çünki mertebäniň derejesi örän uly, ol satylmaýar hem ony satyn alyp bolmaýar. Kim mertebeli bolmaga jan etse, men oňa özümi bagyş edýärin, kim meni harlasa, men ondan ýüzümi öwürýärin» diýipdir.
Şundan soň olar hoşlaşyp, birek-birek bilen didarlaşyp durmagy arzuw edýärler. Olar: «Biz gitsek, biri-birimizi nädip tapyp bileris?» diýenlerinde, baýlyk: «Meni baýlaryň mülkünden, täjirleriň howlusyndan gözläp taparsyňyz» diýipdir. Ylym bolsa: «Men gitsem, meni bilim öýlerinden, alymlaryň söhbedinden gözläp taparsyňyz» diýipdir. Mertebe bolsa: «Men gitsem, meni hiç ýerden tapmarsyňyz. Men gaýdyp dolanmaryn» diýip jogap beripdir.