Günde ir säher bilen, çagalaryma ertirlik berip, işe howlugýan. Şu gün hem şeýle ýagdaý. Ýolum uzak bolansoň, irräk çykjak bolup haýdaýardym. Birdenem, radioýaýlym arkaly «Derman eýledi» sazy ýaňlanyp başlady. Ine, saňa gerek bolsa, gaýdyp bilseň, gaýt-da göreýin. Daňlan ýaly boldum. Sazyň gudratyna sered-ä, Magtymguly Pyragynyň döwründäki durmuş göz öňümde janlanyp ugrady. Şol döwrüň durmuş sahnasy nazarymdan hatar-hatar, tirkeş-tirkeş bolup geçýär. Ol durmuş sahnalary milli mukamyň owazy bilen şeýle bir sepleşýär welin, onuň gudratly güýjüne haýran galdym. Ýeňiniň ujuny dişläp, Magtymgulynyň goşgusyny diňläp duran Meňli hem göz öňünde janlanýar. Sazyň gudratynyň käbir belent perdeleri bolsa, türkmeni baky tebigat bilen, tebigylyk bilen, onuň al-ýaşyl manyly görkli keşbi bilen birleşdirýär. Türkmen öz mukamy bilen misli, tebigatyň bir ülşi, bir bölegi ýaly bolup, alnyňda janlanýar. Hawa, saz gutardy, ýöne onuň özüne imrikdiren jadyly dünýäsi meniň kalbymy gurşap, işe gelip, saz hakynda makala ýazmagyma sebäp boldy duruberdi.
Türkmen sazynyň milli owazy, heýjanly duýgular dünýäsi söz mülküniň gadymdan gelýän hazynasydyr. Ol nurana ahwalyň müňlerçe öwüşginini, owazlar kökenini, mylaýym milli äheňlerini duýýan ynsan türkmeniň kimdigine göz ýetirip başlaýar. Sazanda dutara dil bitirende, syrly owazlaryň arasyndan türkmeniň taryhy, janly durmuş sahnalary ör-boýuna galýar. Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň taryhyna nazar aýlasaň, «Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar» diýen dananyň şygyrlarynyň tas hemmesi diýen ýaly, aýdyma salnypdyr. Olar «Derman eýledi», «Ýow bagşy», «Pelek ömrüm», «Garybym», «Näler görner», «Ýaraşmaz»... ýaly onlarça gadymy saz eserleriniň milli owazyndan halk aýdymlaryna öwrülipdir. Olaryň her biriniň özbaşyna saz eseri bolup duran şaha-şaha ýollary bar. Käbir sazlary kyrk dürli çalmagy başaran türkmeniň saz dünýäsinde ýeten derejesine haýran galýarsyň. Türkmen sazlary owaz öwüşginleri, özboluşly heňleri bilen arkama-arka dowamly bezelip gelipdir.
Türkmen halk sazynyň her biri köp dürli owaz kökenleriniň bitewüliginde uly saz eserlerini kemala getiripdir. Eýsem, muňa sazyň gudraty diýmän näme diýjek?! Bir gezek halypam, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew saz hakynda gürrüň açanda: «Çuwal bagşy» romanyny ýazmak üçin, dutar öwrenmeli boldum, sazyň özüne çekiji gudratdygyna şonda düşündim, halka kämil eser ýetirjek bolsaň, ilki şonuň içinde özüň ýaşamaly bolýar» diýipdi.
Hawa, ähli ruhy hallary sazyň gudratly güýjünden susup alýan türkmen halkymyz köňle laýyk zada: «Saz bolupdyr» diýýändir. Halkymyzyň beýik sadalygynyň özi şu goýazy düşünjeden gözbaş alýar. Türkmen sazlaryny öwreniji W.Uspenskiý dutara: «Dünýäde iň çylşyrymly sazlary çalýan iň sada saz guraly» diýende-de, halkymyzyň saz sungaty bilen bitewüleşýän milli pelsepesini nazarlan bolmaly. Aslynda, ençeme zatlaryň mukama meňzeşligi üçin ynsan kalbyna ýakyn duýulýan bolmaly. Üç-dört ýyl mundan öňräkdi, gazetimizde çap etdirmek maksady bilen, bir zergär bilen söhbetdeş bolupdym. Ol şonda dünýämiziň durky, görkli gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerindäki düwmeleriň hem aslynda sazlanýandygyny, olaryň sazlaşykly owazlanýandygyny aýtdy. Şonuň üçin ol saba-säherlerde ýa-da agşamlaryna jahanyň asuda wagtynda işlemegi halaýandygyny gürrüň berende, bu sazly dünýäniň gudratyna haýran galypdym. Goşgynyň döreýşinde-de owazyň täsiriniň bolandygy hakynda bir rowaýatda okapdym. Özünde näme üýtgeşikligiň bolup geçýänini bilmeýän bir ýigit janyna jaý tapman, baga gezelenje çykýar. Şol ýerde-de taýy özüni terk eden bir bilbiliň zaryn owazyny eşidýär. Onuň ýakymly owazy on iki süňňüni elendirýär. Birdenem, bilbiliň owazyna goşulyp, goşgy döredenini özi hem duýman galýar. Onuň süňňi ýeňläp, derdiniň nämedigine düşünýär. Diýmek, ynsana-da ilki saz bilen jan berlen bolsa, söz sungatynyň, şygryýetiň döremegine-de saz sebäp bolupdyr. Sazyň gudratly güýji hakynda mysallara näçe ýüzlenseň, ýüzlenip oturybermeli. Beýik Ýüpek ýolundan geçen kerwenleri mysal alyp göreliň. Inerleriň tas hemmesi diýen ýaly boýny jaňly bolupdyr. Kerwenbaşydan başlap, kerwene erk edýänleriň hemmesi şol jaňyň owazyny diňläp ýol geçipdirler. Olar ömürleriniň gylla ýarysyny şol owaza örklemeli bolýarlar. «Eger şol jaňlar sazlanmadyk bolsa, olar ugruny ýitiräýmezlermi?!» diýeniňi duýman galýarsyň.
Türkmeniň özüne meňzeş bu sadadan beýik simfoniýa türkmen sazlarynyň, mukamlarynyň gözbaşynyň aňyrdan gaýdýandygyndan habar berenokmy eýsem?!
Keremli topragymyz kyrk dürli owazly äpet dutara meňzeýär. Ol dag başyny gümmürdedýän hatar-hatar bulutlara, dilkaw-dilkaw döşlerinden gaýdýan heserli sillere bakyp, öz mukamyny çalýar. Al-ýaşyl öwsüp oturan bag-bossanynyň arasyndan mylaýym ýel bolup böwsüp geçýär. Halkymyz bu gün öz gadymy sazyny milli owazlar dünýäsinde bitewüleşdirip, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhly dünýäsini mukamlar senasynda giň jahana ýaýýar. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garalyp, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek baradaky hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri barada aýdylmagy dutar saz sungatymyzyň mundan buýana-da çawunyň dünýä ýaýyljakdygyna ynamymyzy artdyrdy. Indi türkmen sazlarymyz baky bagt hakda, bagtyýarlyk hakda saýrar. Goý, milli sazlarymyzyň owazy baky Bitarap döwletimizde kalplarda sena bolup ýaňlansyn!
LEÝLI GURBANOWA,
“Nesil” gazeti,
10.11.2020ý.