Haly – halkyň hakydasy

Pazyryk halysynyň müňlerçe ýyllyk taryhy halkymyz bu beýik sungatynyň adamzat durmuşyndaky ornunyň örän uludygyny aýan edýär. Halynyň taryhy bu senediň gymmatynyň ynsan durmuşy bilen baglydygyny görkezýär. Halynyň taryhy öwrenilende onuň diňe bir gelip çykyşy, nagyşlarynyň manysy, dokalyş tilsimleri bilen çäklenmek bolmaýar. Gadym döwürlerden bäri halyçylyk halkymyzyň maddy, ykdysady durmuşynyň bir pudagy bolup gelipdir. Halyçylyga önümçiligiň köp pudaklary gatnaşýar. Mysal üçin, saryja goýunlary ýetişdirýän çopanlaryň, ýüňi işläp, ýüp taýýarlaýanlaryň, boýagçylaryň, dokma senetlerini ýasaýan ussalaryň zähmeti bolmazdan, halyçylygy göz öňüne getirmek kyn. Haly taýýar önüm bolanyndan soň, onuň haryt hökmünde söwda dolanyşygyna çykarylmagynyň özi-de, halynyň maddy gymmatlyk hökmündäki ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Gadym döwürlerde-de, häzirki wagtda-da el halysynyň maddy gymmatlyk hökmünde ykdysadyýetimizde, halkyň durmuşynda orny uludyr.

Metbugat habarlaryna görä, diňe bir geçen ýylda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el halylary we haly önümleri dokalypdyr. Olaryň 2 müň 495 inedördül metri eksport edilipdir. Halyçylyk pudagy telekeçiler tarapyndan hem ösdürilýär. Şeýle hem halyçylyk türkmenleriň gadymy senetleriniň biri hökmünde gelin-gyzlaryň öý hojalygynda giňden dowam etdirýän el hünärleriniň biridir.

Abadan MUHAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR