Oguz hanyň sekizburçluk nyşany

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga berlen täze binalar toplumlary şöhratly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň mazmunyna täzeçe röwüş çaýdy. Munuň özi, ýaş nesillerimizi parasatly atalarymyzyň arkama-arka aşyryp, göwher kimin saplanan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemekde iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän çatrygynda nesilbaşymyz Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzy şekillendirilen «Mahabat» binasynyň mazmunyna siňdirilen pähim-parasat munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu «Mahabat» binasynda şekillendirilen äpet ýyldyzlaryň dördüsi gadymy binagärlik ýörelgesine laýyklykda jahanyň dört künjüne bakýar. Guşuçar belentlikden bolsa onuň depesinde oturdylan äpet ýyldyzyň bäşinjisiniň ajaýyp gözelligini synlap bolýar. Binagärlik medeniýetimiziň göwher gaşyna öwrülen bu owadan toplumda häzirki zaman elektron sanly ulgamyň iň täze tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, onuň täsinligini we ähmiýetini has-da artdyrýar. Sekizburçluklaryň sütünlerine nesilbaşymyz Oguz hanyň ogullaryna bagyşlan kümüş oklarynyň her tarapda üçüsiniň çalbaşly bulutlara azm edýän pursatynda şekillendirilmegi beýik maksatly sepgitlere bedew bady bilen okgunly barýan merdana halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň nyşanydyr.

Gözel paýtagtymyzda bina edilen Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzynyň keşbi şekillendirilen äpet desgalaryň ikisi eýýäm dünýäniň binagärlik medeniýetiniň ajaýyp nusgalaryna öwrüldi. 2011-nji ýylda gurlan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynda Oguz hanyň äpet ýyldyzy dünýäniň binagärlik ulgamynda iň uly ýyldyz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 211 metr, içki desgalarynyň tutýan umumy meýdany 60 müň inedördül metre barabar. 2012-nji ýylda bolsa Aşgabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezi dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň içinde Ýer togalagynyň dünýädäki iň uly binagärlik görnüşi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň togalagynyň diametri 32 metre barabar.

Eýsem, Oguz hanyň sekizburçluk nyşanynyň hikmeti nämedekä?! Köp müň ýyllyk taryhly halkymyzyň milli mirasynda sekizburçluk nyşanynyň ruhy ähmiýeti örän ýokarydyr. Onuň döreýiş gözbaşlary baryp bürünç asyrynda dünýädäki irki şäher-döwlete öwrülen Oguz şäheri Altyndepe ýadygärliginden ýüze çykarylan aýal heýkeliniň ýüzüne Güni aňladýan sekiz şöhleli ýyldyzyň keşbinden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly ylmy-filosofiki kitabynda suraty ýerleşdirilen, Altyndepeden tapylan mukaddes enäniň heýkeline çekilen sekiz şöhleli ýyldyzlar, Oguz hanyň döreden iň gadymy tagmalary bolup, olar nesilbaşymyzyň keramatly hatyny biziň nesillerimize miras getiripdir. Sekizburçlugyň keşbi Güni, has takygy «Beýik Taňry» diýmegi aňladypdyr. Şoňa görä-de, sekizburçluk Günüň güýjüni, hökmürowanlygyny özüne siňdiren mukaddes nyşan hasaplanýar. «Gün» diýlip — nura, ýagtylyga, asudalyga, adalatlylyga düşünilýär. «Türkmeniň asly nurdan» diýildigi, gadymy milletimiziň «Güne sežde eden Oguz hanyň nesilleri» diýmegi aňladýar. Çünki Oguz neslinde irki döwürlerden bäri, gündiz Güne, agşam Aýa sežde etmek asylly ruhy dessur hökmünde ýöredilip gelinýär. Säher bilen üç ýola baş egip, Güne salam bermek, ýagşy dilegler edip, «Essalawmaleýkim, Gün aga, haýyrly gün bol, aga!», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-günüm dogmasyn» ýaly nakyldyr atalar sözlerini dile getirmek gönüden-göni Güne sežde etmek dessuryndan galan ruhy ýörelgelerdir.

Günüň keramaty, şeýle hem onuň çeper keşbi hasaplanýan sekizburçlugyň şekili bilen bagly ruhy ýörelgeler binagärlik, küýzegärlik, zergärçilik hem-de amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň üsti bilen medeniýetimiziň naýbaşy nusgalaryna öwrülipdir. Munuň şeýledigini şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinden biziň günlerimize gelip ýeten binagärlik gurluşlary, diwar bezegleri, arheologiýa tapyndylar we etnografiýa gymmatlyklar subut edýär. Täze Nusaý galasyndan ýüze çykarylan, ýüzüne altyn suwy çaýylan, XII – XIII asyrlara degişli sekizburçlugyň şekilindäki keramika syrçaly kerpiçlerde Oguz hökümdarynyň hem-de Şaseneminiň keşbi şekillendirilipdir. Hökümdaryň başynda täji bar. Egnindäki çäkmenini tegelek görnüşli güller, onuň töweregi nesil şejeresini alamatlandyrýan ýaşaýyş daragty, burçlary üzümiň çowly gollaryna meňzedilen ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Mälim bolşy ýaly, üzümiň şekili döwletliligiň, rysgal-berekediň, ylhamyň nyşany. Köşgi alamatlandyrýan arkanyň öňünde oturan Şaseneminiň başynda täji bar. Onuň dony hem güllere beslenipdir. Daş-töwereginde bolsa nesil dowamatynyň nyşany bolan ýapraklary ýaýrap gidýän ösümlik şahalarynyň şekilleri şekillendirilipdir. Ybadat dessury berjaý edilýän otagyň diwarynyň ýüzüne oturdylan bu sekizburçly syrçaly kerpiçleriň arasyna goýy gök reňkli haçyň şekilindäki syrçaly kerpiçler oturdylypdyr. Olaryň ýüzi gülleriň we üzümiň ujy çowly gollarynyň şekilleri bilen bezelipdir.

Ýüzi asman reňkli syrça bilen örtülen sekizburçly syrçaly kerpiçleriň birnäçesi Daýahatyn kerwensaraýynyň XII asyra degişli diwar bezeglerinde hem ýüze çykaryldy. Olaryň ýüzüne çekilen keşpleriň nusgalary biziň günlerimize gelip ýetmändir. Şonuň ýaly hem Daýahatyn kerwensaraýynyň binagärlik bezeglerinde sekiz şöhleli ýyldyzyň şekili çekilen tegelek görnüşli bişen kerpiçler tapyldy. Olaryň suraty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda ýerleşdirilipdir. Ýüzüne örän baý mazmunly nagyşlar siňdirilen sekizburçly syrçaly kerpiç Köneürgenjiň XII asyryň ahyrlaryna degişli bolan binalarynyň biri Soltan Tekeşiň kümmetinde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Onuň ýüzünde şa bedewine atlanan oguz hökümdarynyň ajaýyp keşbini synlap bilýäris. Syrçaly kerpijiň burçlarynyň iç ýüzünden gök reňkli çarçuwa çyzygy geçirilip, hökümdaryň keşbi ýaýrap gidýän ösümlik baldaklarynyň arasynda şekillendirilipdir. Munuň özi, hökümdaryň nesilşalygynyň dowamatyny aňladýar. Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän XIV asyrda bina edilen Nejmeddin Kubranyň kümmetindäki mazarüsti daşyň ýokarky bölegine bezeg hökmünde sekizburçly syrçaly kerpiçleriň 40-sy aýlaw görnüşinde oturdylypdyr. Olaryň içki bezegi goçak nagşyna çalym edýän ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Onuň manysy «Beýik ulamanyň ylmy mirasy geljekki nesilleriň ykballaryna nuruny çaýsyn, türkmen döwleti hemişelik sarsmaz binýatly bolsun!» diýen arzuw-dileglerden ybaratdyr.

Sekizburçluk görnüşindäki syrçaly kerpiçleriň arasynda iň baý mazmunlysy Abu Seýit Mäne babanyň kümmetiniň mazarüsti daşyna oturdylan keramika syrçaly kerpiçdir. Mäne babanyň kümmeti 1050-nji ýyllarda bina edilipdir. Ýöne bu sekizburçly syrçaly kerpiç mazarüsti daşda XIV asyrda abatlaýyş geçirilende, ak reňkli hek suwagynyň ýüzüne oturdylypdyr. Onda açylan güllere beslenen ösümligiň ýüzündäki şekiliň mazmunynda, halk ynanjyna görä, ertekilerde giňden wasp edilýän keramatly Symrug guşuň öz çüňki bilen merhumyň ruhuny jennete alyp barýan pursaty beýan edilipdir. Hut şeýle mazmunly dürli reňklere utgaşdyrylyp, owadan bezelen sekizburçly keramika kerpiji Nejmeddin Kubranyň kümmetiniň 15 metr günbatarynda, onuň baş girelgesine bakdyrylyp bina edilen Pirýarweliniň kümmetiniň gadymy depesinden hem arheologlar tarapyndan ýüze çykaryldy. XIV asyrda bina edilen Törebeg hanymyň kümmetiniň diwar bezeglerinde gök reňkli bezeg mozaika nagyşlary bilen sekizburçluklaryň onlarçasynyň keşbi döredilipdir. Olaryň arasyna ak we tyllaýy reňkli gowaça gülleri sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

Sekizburçlugyň şekili çekilen diwar bezeg nusgalarynyň iň mertebelisi XII asyrda bina edilen Soltan Sanjaryň kümmetiniň gümmeziniň depesine çekilen görnüşidir. Ak öýüň tüýnügine meňzedilip çekilen bu görnüşde sekizburçlugyň şekilinden gözbaş alyp, dört-dörtden çugdamlanan sekiz şaha ýaýrap gidýär. Belli edebiýatçy A.Bekmyradow «Sadrançnama: Küşt sungatynyň taryhyndan» atly kitapçasynda belleýşi ýaly, Pazyryk halysynda Oguz hanyň nesil şejeresiniň: alty ogly we ýigrimi dört agtygy baradaky maglumatyň her hatarda dörtden alty hatar düzülip, ýigrimi dört gölüň üsti bilen aňladylyşy ýaly, Soltan Sanjaryň kümmetiniň gümmezindäki sekizburçlugyň we ondan bölünip gidýän şahalaryň şekili Oguz hanyň ýyldyzynyň we nesilbaşymyzyň nesil şejeresiniň nyşanydyr.

XV asyrda Änewde bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň diwarynyň bezeg nagyşlarynda bişen kerpijiň ýüzüne haşamlanan, biri-biriniň içine siňip gidýän dört sany sekizburçlugyň keşbini synlaýarys. Onuň daşyny on sany pişme nagyşly bişen kerpiçlerden düzülen diwar bezeg gülleri gurşaýar.

Sekizburçlugyň şekili siňdirilen sütünler XI asyrda bina edilen Alemberdar kümmetiniň inliligi 10 inedördül metre barabar bolan bir otagly binasynyň burçlaryna oturdylypdyr. Kümmetiň gümmezi hem sekizgranly arkanyň üstünde bina edilendigi milli binagärlik sungatymyzda baryp mundan müň ýyl ozal Oguz han atamyzyň sekizburçluk nyşanynyň mukaddesligine nähili belent sarpa goýlandygyny ýene-de bir ýola subut edýär. Arheologlaryň geçiren gazuw agtaryş işleriniň netijesinde sekizburçlugyň şekili çekilen aşhana gaplarynyň hem birnäçesi ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda iň gadymysy Tejen şäherini etekläp oturan Göksüýri ýadygärlikler toplumyndan çykarylan küýze böleginiň daşyna çekilen nagşydyr.

360 pirleriň mekany bolan Köneürgenç ýadygärlikler toplumyndan gök we ak reňkleriň utgaşdyrylmagynda sekizburçlugyň ajaýyp keşbi çekilen şakäse syrlara beslenen milli nyşanymyzyň hikmetini öwrenmekde gymmatly maglumatlary berýär. Sekizburçlugyň ajaýyp keşbi gabyň düýbüne çekilipdir.

Sekiz şöhleli Günüň keşbi Daňdanakandan ýüze çykarylan XI asyra degişli mejimäniň iç ýüzüniň bezeginde-de duş gelýär. Şöhleleriň arasyna berekediň nyşany hökmünde üzümiň ujy çowlanyp gidýän gollarynyň suraty çekilipdir. Hut şeýle mazmunly nagyşly küýze bölekleri Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähryslam ýaly arheologiýa ýadygärliklerden hem tapyldy. Şöhratly taryhymyz barada iň ygtybarly ylmy maglumatlary habar berýän gadymy teňňeleriň ýüzünde sekizburçlugyň şekili 960-njy ýylda Bugra hanyň baştutanlygynda dörän Garahanlylar döwletiniň teňňeleriniň ýüzünde duş gelýär. Onda sekizburçluk çarçuwalaryň içinde döwlet nyşanlary, hökümdarlaryň atlary, teňňeleriň zikgelenen ýyly ýazylypdyr.

Sekizburçlugyň şekili siňdirilen nagyşdyr gölleriň ençemesi mährem ene-mamalarymyzyň sünnälenen el işlerinde hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Olaryň has giň ýaýran görnüşi «Çarhypelek» ady bilen meşhur bolan haly göli teke, ýomut, salyr we ärsary halylaryna çitilýär. Bu nagşyň iň gadymkysy biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda dokalan Pazyryk halysynda duş gelýär. Daşoguz halylaryna salynýan sekizburçly göl «dyrnakgöl» diýlip atlandyrylýar. Mundan başga-da, Güne meňzedilip döredilen «sekizgoçak», «sekizgaýňak», «sekizdogajyk» haly gölleri bar. 2004-nji ýylda çeper elli zenanlarymyz tarapyndan meýdany — 215 inedördül metre barabar «Sekiz burçly» äpet haly dokaldy. Häzirki wagtda açyk reňkli halylarda guşly gölli nagşy sekizburçlugyň içinde dokamak ýoň boldy. Kilim-palasa salynýan «bossany» nagşynyň içinde sekiz sany owunjak üçburçlukdan sekizburçlugyň keşbi döredilýär. Akgaýma oglan tahýalarynyň «sekizkeşde», gültahýa gyz tahýalarynyň «gülýaýdy» nagyşlarynda sekiz şöhleli Günüň şekili gül ýapragynyň keşbinde şekillendirilýär. Zenanlarymyzyň düýpli gyňaç başatgyjy sekiz bölek matadan düzülýär hem-de oňa üçburçluk, pişme nagyşlary bilen utgaşdyrylyp, sekizburçluk keşdelenýär. Zergärçilik önümlerinde başatgyjyň ýüzüne sekiz şöhleli Güne meňzedilen «eşrepi», börük başgabynyň alnyna bolsa Gün şuglasy ýaly ýaýrap gidýän sekiz simli «egme» şaýlary oturdylýar.

Häzirki wagtda döwlet Tugramyzyň daşynyň çarçuwasy hökmünde kabul edilen Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzynyň şekili hem-de onuň döreýşiniň gözbaşynda duran sekiz şöhleli Günüň keşbi şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde iň mukaddes nyşan hökmünde arzylanyp gelipdir. Hususan-da, Parfiýa, Beýik Seljuklar we Anuşteginler şadöwletlerinde gülläp ösen milli binagärligiň we senetçiligiň «Horasan», «Sarahs», «Dehistan», «Köneürgenç», «Amul-Kerki», «Merw» mekdeplerinde sekizburçluk döwletiň syýasy nyşany hökmünde giňden ýaýradylypdyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen şol gadymy ruhy ýörelge täze ykbala ulaşdy. Häzirki wagtda biz gözel paýtagtymyzda we oba-kentlerimizde gurlan binalaryň çeper bezeginde synlap bilýäris.

Aslynda, Oguz han nesilbaşymyzyň döreden sekizburçluk ýyldyzy döwletlilik hem-de häkimlik nyşany hökmünde ruhy dünýämizde sekizlik sana bolan mukaddes garaýşyň kemala gelmegine esas bolýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda «Magtymguly aýdar, ýat etgil bizi, /Ýedidir garasy, akdyr sekizi» diýşi ýaly, bu parasatly ruhy ýörelge soňra tutuş musulman dünýäsine ýaýraýar. Munuň şeýledigini, jennetiň ýedi gat Arşdan, sekiz gat bossandan ybaratdygy, onuň keramatly haýwanlarynyň, meleginiň, bulagynyň hem sanynyň sekizdigi aýdyň subut edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň baş binagäri, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen bina edilen Oguzhanyň ýyldyzynyň şekilindäki täze gurlan «Mahabat» binasy atalarymyzyň ruhy siňen döwletlilik ýörelgelerimize täze röwüş — döwrebap öwüşgin çaýýar. Binanyň merkezini emele getirýän sekizburçluklara oturdylan ekranlaryň üsti bilen watandaşlarymyz gadymy Oguz ýurdunda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen merdana halkymyzyň gazanýan zähmet ýeňişlerine, belent-belent sepgitlere, «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly döwrebap önümleriň ajaýyplyklaryna tomaşa edýärler. Mahlasy, Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzy Zemin içre gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň dabarasyny yklymlara ýaýýar.

Bagtyýar zamanamyzda syýasy nyşanlarymyzyň ýaraşygyna öwrülen hem-de ruhy dünýämiziň törüni bezeýän Oguz hanyň ýyldyzynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasypdygyny-da bellemegimiz gerek. Oguz hanyň ýyldyzynyň nyşanynda parasatly atalarymyzyň ruhy dünýäsiniň iň gadymy pelsepewi kökleri başbitin beýan edilýär. Adamzadyň taryhyny öwrenmek teşneligini gandyrjak maglumatlary özünde jemleýän, bäş müň ýyllyk şanly geçmişli halkyň keramat saýyp, depesine göterip gelen mukaddesligi, ine, şu Oguz hanyň sekizburçluk nyşanydyr.

Agamyrat BALTAÝEW,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR