Türkmeniň ruhy dünýäsi

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar.

Ýakynda, has takygy 14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge taýýarlyk görmek barada aýdylanlar her birimiziň göwnümizi ganatlandyrdy. Bu habara biz mugallym hökmünde-de diýseň begendik. Sebäbi Magtymguly Pyragynyň her bir setiri terbiýe mekdebi. Hut şonuň üçinem ol paýhas jümlelerini, haýsy ugurdan bilim alýandygyna garamazdan, talyplaryň aňyna guýmaga-da çalyşýarys. Magtymguly diýmek, türkmeniň ruhy dünýäsi diýmek. Ony öwrenmek üçin edebiýatçy ýa dilçi, ýazyjy ýa şahyr bolmaly däl. Ol her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Bize bu durmuşyň gapysyndan girip, ilkinji ädimlerimizi ätläp ugran döwürlerimiz ýaşuly nesilleriň öwredenleriniň bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň beýik syýasatynda beýanyny tapýandygy halypa mugallym hökmünde diýseň buýsandyrýar. Hut şonuň üçin-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi baradaky habar her birimizi şu günki günden şol uly toýa ykjam taýýarlyk görmäge borçlandyrýar. Adamzadyň altyn genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyryň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek hem dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyň dörediljekdigi bu ugurdan uly utuşlary getirjek başlangyçdyr. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň şygryýet dünýäsiniň muşdaklarynyň sanynyň dünýä ýüzünde has-da artmagyna getirer diýip ynanýarys. Bu günki gün Pyragynyň şygyrlarynyň türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edilendigini ýatlamagyň özi-de akyldaryň paýhas ummanynda gulaçlaýanlaryň sany barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlarda ösüşleriň iň bir häzirkizaman ugrunyň saýlanyp alynmagyna uly üns berýär. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşdyrylmagy ösüşleri nazarlaýan gadamlarymyzyň badyna bat goşýar.

– Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,

Firdöwsi, Nyzamy, Hapyz perwany,

Jelaleddin Rumy, Jamy elwany,

Olarnyň jaýynda menem kän bolsam –

diýýän pes göwünli, ägirt uly edebi mirasly Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly islendik maglumaty ýakyn wagtda sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen dörediljek «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyndan» tapyp biljekdigimiz barada aýdylanlar hem döwrümiziň keşbini görkezýän maglumat hökmünde buýsandyrýar. Şonuň ýaly-da sanly we neşir görnüşindäki «Magtymguly Pyragy diwanynyň» taýýarlanyljakdygy, şahyryň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime edip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak, Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi we wagyz etmegi ýola goýmak, şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bilen baglanyşykly aýdylanlar hem milli mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzdan halkymyza, nesillere garaşýan sowgatlaryň yzynyň üzülmeýändigini ýene bir ýola äşgär görkezýär.

Taryh gatlaryny agdaryşdyryp görseň, türkmeniň ady bilen baglanyşykly ýollarda goluna galamyny alyp, ummasyz ruhy baýlygy – şygyrlary bilen töwerek-daşyna, tutuş adamzada ruhubelentlik, merdanalyk, watanperwerlik paýlap ýören şahyrlaryň keşbi örboýuna galýar. Munuň özi türkmeniň ykbalyň dürli synaglaryna sezewar bolan döwürlerinde-de ruhubelentligini gapdalyndan goýmandygynyň subutnamasy. Şonuň üçinem bu günki gün Magtymguly Pyragynyň ady tutulanda, onuň ölmez-ýitmez şygyrlary bilen birlikde ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda geçen şan-şöhratly ýoly, kalbynda ýaşadan arzuw-umytlary göz öňüňe gelýär. Çünki Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öňe süren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini ýürek nagmalarynyň üsti bilen beýan edipdir. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak baradaky pikirleri diňe bir akyldar şahyryň setirlerinden däl, eýsem, halkyň ýüreginden hem hemişelik orun alypdyr. Hormatly Prezidentimiz hem Magtymgulynyň türkmen halkynyň öňündäki bimöçber hyzmatlarynyň biri hökmünde agzybirlik ugrundaky tagallalaryna uly baha berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe berkarar döwlet barada arzuw eden şahyryň röwşen umytlarynyň durmuşa geçen zamanasynda pederlerimiziň kalbynda göterip, nesillere miras galdyran ruhy gymmatlyklary täze röwüşde örboýuna galýar. Ol gymmatlyklar ajaýyp döwrümizde dünýä ýüzüne türkmeniň kalbynyň ruhubelentlik aýdymyny paýlaýar. Türkmeniň ruhy dünýäsi bolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan tutuljak toýy pederlerimiziň päk arzuwlarynyäleme ýaýar.

Goý, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, akyldarlarymyza bimöçber hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Çary SEÝITNEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR