Hormatly Prezidentimiziň: «Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen «Görogly» eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir» diýip jaýdar belleýşi ýaly, «Görogly» eposy halkymyzyň gadymy, medeni baýlygy bolup, ussat dessançy bagşylarymyz tarapyndan halka ýetirilipdir. Wenger alymy A.Wamberi bu barada şeýle ýazýar: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy, türkmen üçin gowy hezillikdir. Toý-tomgada ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde... aýdýan wagtyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda hiç haçan ýitmejek täsir galdyrdy». Görşümiz ýaly, eposyň ýaýramagynda bagşydyr sazandalaryň hyzmaty örän uludyr.
Epos tutuşlygyna aýdym-saz sungatyna ýugrulan. Ondaky gahrymanlar ähli wakalary gazallaryň üsti bilen beýan edýärler. Dutar saz guraly bolsa eserde başdan-aýak baş gahrymanyň ýansyrdaşy, esasy ýaragynyň biri hökmünde görkezilipdir. Eposda dutar sözüniň gazma (gazma – gazmak işliginden, ýagny dutaryň tut agajynyň ýa-da erik agajynyň galyň böleginiň içiniň oýulyp, gazylyp ýasalýandygy üçin) diýlip, iki görnüşde atlandyrylýan ýerlerine gabat gelmek bolýar. Meselem: «Aşyk Aýdyň pir bagşyçylyk bilen, saz bilen, söz bilen iş bitýän bolsa, birinde hakyny goýberjek adam däl. Ol indi öz diýeniniň boljagyna gözi ýetip, Görogly ýaly şägirdiniň bardygyna guwanyp, eline tylla desseli gazmasyny alyp, gollaryny çermäp, sazyny timarlap, dutaryň gapagyna kakyp, ýüpek kirşinden zaryn ses çykaryp, görene göz, eşidene gulak edip, bir nama aýdar boldy gerek».
Bagşyçylygyň piri hasaplanylýan Aşyk Aýdyň pir eposda esasy orunda durýar. «Harmandäli» şahasynda Agaýunus peri Görogla Şähri-Bostan diýen ýurtda Aşyk Aýdyň pirden pata alyp, ýola düşmegi ündeýär:
Eger gitseň, Şähri-Bostan baryp git,
Hak adyny gursagyňa salyp git,
Aşyk Aýdyň pirden rugsat alyp git,
Ondan rugsat alman gitme, Görogly.
Görogly Aşyk Aýdyň pire sygnyp, sazyň üsti bilen garşydaşyndan üstün çykýar. Eposda aýdym-saz bilen baglanyşykly birnäçe bagşyçylyk ýolunyň atlary hem agzalyp geçilýär: «Görogly dutaryň gabyny aýryp taşlap, aldy eline dutaryny. Ozaly Nowaýy, yzy Talhyn, iň soňuny Ylgar ýoluna ýazdyryp goýberdi». «...Ýazdyr, Düre hanym, düwmeli eliňi!» diýip, Ürgenç ýoluna-da gygyryp gelýär».
Eposda halkymyzyň arasynda dutaryň piri hasaplanylýan Baba Gammaryň ady hem agzalyp geçilýär: «Toýa gelenleriň arasynda Baba Gammar diýen bir ýaşuly bardy».
Eposyň 1990-njy ýylda neşir edilen nusgasynda Göroglynyň kyrk ýigidiniň biri Tebli batyr diýlip atlandyrylýar.
Göroglynyň wepadary,
Söweş güni hemdem-ýary,
Göwnümiň aram-karary,
Serdar Teblim sen, Teblim sen.
Tebil – söweşe girilende kakylýan saz guraly – dep. Eposda bu söz üç görnüşde ulanylypdyr.
Teblebaz – dep saz guralyny oýnaýan, kakýan adam. Eposda Göroglynyň Gyratynyň baran ýerinde dep kakylyp uly ýeňiş, toý-dabara bolsun manysynda, şeýle setirler bar:
Janym Gyrat, malym Gyrat,
Seni münüp tapdym myrat,
Her ýanyňda goşa ganat,
Alnyň teblebaz bolaýdy.
Eposdaky Tebli batyryň ady – Göroglynyň her bir söweşi ýeňiş bilen tamamlandan soňra dep, ýagny tebil kakýan serkerdesidigini aňladýar.
Eposdaky ençeme gahrymanlaryň atlarynyň aňyrsynda asyl atlandyrylyşy bolup, olaryň köpüsiniň ikinji atlandyrylyşy lakamlaryň, tahalluslaryň üsti bilen aňladylýar. Görogly ilki Röwşen ady bilen hereket edip, erenlerden pata alyp özüne Görogly adyny tahallus hökmünde kabul edýär. Eposdaky Tebli batyr (Tebilli batyr) – ýerine ýetirýän işi, käri, saz guraly bilen baglanyşykly halk, il-gün tarapyndan dakylan lakam adydyr. Diýmek, ol adyň aňyrsynda şol gahrymanyň asyl öz adynyň bolandygy hem ähtimal.
Eposda tebil sözüniň göni manyny, ýagny dep, deprek manysyny aňladýan ýerlerine köp duş gelmek bolýar:
...Awa laçyn salyp, tebil kakardym,
Şat bolan günlerim, ýene gel indi!
* * *
Görogly aýdar, öwündigim,
Teblede bedew mündügim...
Eserde Göroglynyň Gyratynyň ýigrimi dört görnüşli ýörişiniň bolandygy, baş gahrymanyň dutarynyň kömegi bilen Gyratyny dürli tilsimlerde oýnadyşy, tsürkmen halkynyň aňyna, ýol-ýörelgesine siňipdir. Eposyň hemme şahalary diýen ýaly at çapdyrylyp, bagşy aýtdyrmak däbi bilen jemlenilýär.
Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.