Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keçe senetçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki älemgoşar öwüşginli ýüňler bilen güllenilýän keçeler halkymyzyň gözüniň guwanjy, milli baýlygydyr.
Keçe basmak köp zähmeti talap edýän inçe senet bolup, onuň özboluşly bezeliş usullary bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýlip, jaýdar bellenilýär. Keçe basmak senedi Türkmenistanyň Demirgazyk etraplarynda giňden meşhurdyr. Sada iş usullaryny özünde jemleýän keçäniň durmuşymyzdaky ähmiýeti örän uludyr. Ol sähra şertlerinde ýaşaýan maldarlaryň ak öýüniň örtügi, düşegi hem at ýapynjasy hökmünde ulanylýar. Keçe goýnuň ýaz hem güýz ýüňlerinden taýýarlanýar. Oňa niýetlenilen ýüňi boýamak üçin meýdan ösümlikleriniň köklerinden, çöpboýadan, naryň we gök hozuň gabygyndan, üzärlikden dürli öwüşginli reňkleri alypdyrlar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
– Hozuň daş gabygyn, gülälek suwun,
Garyp, saça çalsaň, gara reň bolar –
diýen jümleleri aýdyň şaýatlyk edýär.
Boýag edilende, ýüňüň reňki ýokmaz ýaly, suwuna duz ýa-da zäk atylýar. Gülli keçeleriň häsiýetli aýratynlygy, gülüň daşyna onuň reňkine gapma-garşy gelýän reňkdäki ýüňüň salynmagydyr. Gaýmasy, ýagny gyra nagyşlary, adatça, keçäniň orta böleginden gara-akdan ybarat bolan insizje ala zolak bilen tapawutlandyrylýar.
Keçelerde, köplenç, dürli reňkli ýüňden çekilen çyzmyklar, ýeke taraplaýyn aýry-aýry bölejikler goýlup, gapdallary towlamly «sary içýan» nagşy, üçburçlukly ýa-da ýokarsy tegelenen şekilli «hamtoz» we beýleki nagyşlar agdyklyk edýär. Türkmen keçelerine goçuň şahyna meňzeş «goç», «goçbuýnuz» nagyşlary hem salynýar. Keçäniň gyrasy hemişe bir reňkden – az-owlak çal ýüň goşulan goýy goňur ýa-da gara ýüňden edilýär. Keçeleriň nagyşlary milli däp-dessurlarymyzy, parasatly adatlarymyzy, nurana oý-pikirleri şöhlelendirmäge hyzmat edýär. Gül salynmadyk, ýagny nagşy bolmadyk, gyrasyna gyragara aýlanan çal reňkdäki dürli ölçegde taýýarlanylýan keçeler öýde hem howluda düşeklik üçin giňden peýdalanylýar.
Ak keçeler. Türkmeniň ak öýüni örtmek üçin edilýän ak keçeler durluk, üzük, serpik ýaly üç bölekden ybarat bolýar. Daşoguz ilinde nepisligi bilen tapawutlanýan ak keçe diňe bir öýe düşemek üçin däl, eýsem, maşgalanyň ýaşulusyna niýetlenilip hem taýýarlanylýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda ak keçäniň gymmaty barada şeýle bellenilýär: «Halkyň ruhy dünýäsinde ak reňkli keçe aýratyn tapawutlandyrylyp, adatça, ol maşgalanyň ýaşulusy-nesilbaşysy üçin düşekçe hökmünde ýörite basylýar. Gadymy ynançlara görä, ak keçe maşgala-ojaklara bagtyýarlyk, agzybirlik, rowaçlyk getirýärmiş».
Ene-mamalarymyz ak keçäni hem tämizden-tämiz edip basýarlar. Oňa goýnuň ýaz ýüňi köp, güýz ýüňi bolsa azajyk goşulýar. Iň esasy zat – oňa niýetlenen ýüňüň birjik-de düýe ýa-da beýleki ýüň garnuwy bolmaly däldir.
Bosaga keçesi. Keçe önümleriniň täsin görnüşleriniň biri bosaga keçedir. Bu irki döwürlerden bäri berjaý edilip gelinýän dessurdan gözbaş alyp gaýdýar. Ol dörtburçluk görnüşinde basylýar. Gije öýüň içine mör-möjekleriň girmeginiň öňüni almak üçin, agşamara gapynyň öňüne keçe düýrlenip goýlupdyr. Häzirki döwürde bosaga keçesi tegelek görnüşinde, gara keçäniň ýüzüne dürli nagyşlar güllenip taýýarlanylýar. Gadymy obalarda bosaga ýazylýan gara keçäniň üstüne bir bölejik ak ýüň goýulýar. Ol gözden-dilden goragyň özboluşly nyşany hasaplanýar.
Käbir obada bagt toýunyň sep bukjasyna-da keçe salynýar. Ol adatça tegelek, owadan nagyşly bolýar. Oňa «gülýaýdy», «goçak», «alaja» ýaly nagyşlar salnyp, maňlaýa sylynýan täze gelniň nesil dowamatly bolmagy bilen bagly arzuw-dilegler bilen ulaşýar. Täze gelin baran öýünde ilkinji gezek bagt keçesiniň üstünde oturdylýar. Gadymy Köneürgenç topragynda keçeden dürli görnüşli torbalar, çuwallar, tutawaçlar we gündelik durmuşda ulanylýan beýleki önümler hem taýýarlanylýar. Häzirki günlerde keçe taýýarlamagyň gadymy tärleri täze röwüşde dikeldilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimize medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, öýlerimiziň bezegi bolan keçeler bilen tanyşmaga, halkymyzyň taryhy we ruhy dünýäsine aralaşmaga ýardam berýän täsin sungat eseri hökmünde arzylamaga ýardam edýär.
Gülnur REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.