«Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy»

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Çagalar awtoşäherçesinde mekdep oknwçylarynyň arasynda geçirilýän «Howpsuz hereket etmegiň kadalaryny bilmek we berjaý etmek biziň borjumyzdyr» atly bäsleşigiň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y

I.Umumy düzgünler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, edep-ekramly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Howpsuz hereket etmegiň kadalaryny bilmek we berjaý etmek biziň borjumyzdyr» atly bäsleşik hem şu maksatlara gönükdirilendir.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýär.

Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakdan, olara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmekden, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakdan, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemekden ybaratdyr.

Şu Düzgünnama bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, bäsleşigi geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

II. Bäsleşigi geçirmegiň tertibi we şertleri

«Howpsuz hereket etmegiň kadalaryny bilmek we berjaý etmek biziň borjumyzdyr» atly bäsleşik «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň 14-nji sentýabrynda Çagalar awtoşäherçesinde geçirilýär. Bäsleşige Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň 7- nji we 8-nji synplarynda bilim alýan okuwçylar gatnaşýarlar, ýagny Aşgabat şäheriniň her etrabyndan her biri 5 okuwçydan ybarat bolan iki topar, jemi 8 topar, 40 okuwçy gatnaşýar. Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar mekdep lybasynda bolmaly.

14-nji sentýabrda sagat 10:00-da bäsleşigiň açylyş dabarasy geçirilýär. Dabara gatnaşýan okuwçylar Çagalar awtoşäherçesiniň öňündäki meýdançada bellenen tertipde nyzama düzülýärler. Çagalar awtoşäherçesiniň başlygy bäsleşigiň dabaraly açylýandygyny yglan edýär hem-de bäsleşigiň geçiriliş tertibi we şertleri bilen okuwçylary tanyşdyrýar.

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň beren jogaplaryna we amaly-tejribe usulynda görkezen ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hünärmenlerinden, mugallymlaryndan we gullukçylaryndan ybarat bolan Eminler topary döredilýär. Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň dowamynda 1-5 bahalary ulanmak arkaly okuwçylaryň beren jogaplaryna, görkezen ukyp-başarnyklaryna baha berýärler hem-de her tapgyr boýunça okuwçylaryň alan bahalaryny goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýärler. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň birinji tapgyryna her topardan 3 okuwçy, amaly- tejribe usulynda geçirilýän ikinji tapgyryna hem 2 okuwçy gatnaşýar.

Birinji tapgyrda okuwçylar Çagalar awtoşäherçesiniň kompýuterleşdirilen okuw otagynda Ýol hereketiniň kadalary esasynda taýýarlanan elektron sowalnamalaryň sowallaryna dogry jogap bermek boýunça özara bäsleşýärler. Çagalar awtoşäherçesiniň mugallymlary okuwçylara elektron sowalnamalaryň sowallaryna dogry jogap bermegiň usullaryny düşündirýärler we amaly-tejribe usulynda görkezýärler. Sowallara dogry jogap berip biler ýaly okuwçylara 15 minudyň dowamynda taýýarlanmak üçin wagt berilýär. Olar soraglary özleşdirip we jogaplary taýýarlap, Eminler toparynyň öňünde beýan edýärler. Elektron biletlerde görkezilen soraglara jogap beren okuwçylara eminler goşmaça sowallary berip bilýärler we maslahatlaşyp, okuwçylaryň jogaplaryna baha berýärler. Berilen sowallary we jogaplary seljerip, Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň bu tapgyrynyň ýeňijilerini kesgitleýärler.

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda her topardan bäsleşige gatnaşýan iki okuwçy Çagalar

awtoşäherçesiniň ýörite meýdançasynda dört tigirli welosipedleri Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryna laýyk dolandyrmagy başarýandyklaryny amaly-tejribe usulynda görkezýärler. Bu tapgyrda bäsleşige gatnaşýan okuwçylar şu aşakdaky kadalary berjaý etmelidirler:

1.Dört tigirli welosipedleri dolandyryp, görkezilen ugur boýunça hereket etmek hem-de ýol belgileriniň we ýol çyzgylarynyň talaplaryny doly we dogry ýerine ýetirmek.

2.Ýol yşygy bilen düzgünleşdirilýän çatrykdan geçmegiň tertibini berjaý etmek.

Çagalar awtoşäherçesiniň ýörite meýdançasynda görkezilen ugurlar boýunça dört tigirli welosipedlerde hereket etmek bilen, okuwçylar ýol yşygy bilen düzgünleşdirilýän çatrykdan geçmegiň tertibini berjaý edýärler. Hereketiň dowamynda ýol belgileriniň we ýol çyzgylarynyň talaplaryny ýerine ýetirip, amaly-tejribe usulynda özara bäsleşýärler.

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar Eminler toparynyň agzalarynyň berýän goşmaça sowallaryna jogap berip hem-de amaly-tejribe usulyndaky bäsleşikde berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Ýol hereketiniň kadalaryny bilmek we dogry berjaý etmek boýunça öz bilimlerini we ukyp- başarnyklaryny görkezýärler. Berilen soraglary we jogaplary seljerip, Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýärler.

Birinji we ikinji tapgyrlar tamamlanandan soňra bäsleşigiň jemleri jemlenýär. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda has gowy netijeleri gazanyp, aýratyn tapawutlanan we ýeňiji bolan bir topar üçin Baş baýrak, gowy netijeleri gazanan beýleki toparlar üçin bolsa 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler üçin üç baýrakly orun bellenilýär.

Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary gowşurylýar.

Ýeňiji bolan toparlaryň okuwçylaryna ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Soňra bäsleşigiň ýapylyş dabarasy geçirilýär.

III. Jemleýji düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesi «Howpsuz hereket etmegiň kadalaryny bilmek we berjaý etmek biziň borjumyzdyr» atly bäsleşigi guraýar hem-de bäsleşigi Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramaçylykly geçirýär.

Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň öz mugallymlary we Baş bilim müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde şu Düzgünnama laýyklykda bäsleşige işjeň we guramaçylykly gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Şeýle hem, bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine giriziljek öz wekilini kesgitleýär. Baş bilim müdirliginiň wekilleri bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine girip, ýeňijileri kesgitlemek we ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bäsleşigi guramakda we geçirmekde Çagalar awtoşäherçesine ýakyndan ýardam berýär. Bäsleşigi guramaçylykly geçirmäge gatnaşjak öz wekillerini kesgitleýär hem-de olaryň bäsleşige işjeň gatnaşmaklaryny guraýar.

Şeýle hem, bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparlaryň okuwçylaryna gowşuryljak

ýadygärlik sowgatlary öz serişdeleriniň hasabyna taýýarlaýar. Ýaşlar guramasynyň wekilleri bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine girip, ýeňijileri kesgitlemek we ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşýarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

TIIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi

müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesi:  38-99-52; 38-99-50

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2021 | 42870 okalan

Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda.

24 Mart 2021 | 39191 okalan

Günbatary maýyl eden sungat