Duşuşyk işjeň ýagdaýa beslendi

 9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de Russiýanyň wise-premýeri hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, esasy ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, oba hojalygy, ulag hem-de aragatnaşyk, ýokary tehnologiýaly pudaklarda hem-de beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň, şol sanda Astrahan oblastynyň we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasynda okgunly ösýän gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň uly üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridir. Munuň özi dünýäniň energetika döwletleri bolan hem-de ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iki döwlet üçin strategik ugur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2028-nji ýyla çenli gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän ylalaşygy durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri, şol sanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen gazynyň satyn alnyşyny dikeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu mesele boýunça «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda gepleşikler alnyp barylýar, ýakyn wagtda anyk ylalaşyklar gazanylar.

Russiýanyň holdinginiň gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagyny ösdürmek we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge üns berdiler.

Sport ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we Konstantin Çuýçenko däp bolan türkmen-rusgatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen ugra iki ýurduň ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle-de doganlyk halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hem gatnaşdy.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

11.10.2018ý.