BELENT SEPGITLERE BADALGA

 Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede Gökdepe etrabyna iş saparyny amala aşyrdy. Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň binagärlik-gurluşyk ösüşini beýan edýän taslamalar bilen tanyşdy.

Ol ýerde edara ediş binalar toplumyny, häkimligiň binasyny, şeýle hem oba hojalyk, maliýe-ykdysady ugurlara, saglygy goraýyş, ulag, aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda ulgamlaryna degişli toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Orta hünär okuw mekdeplerini, umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny, Ruhyýet köşgüni, drama teatryny, kitaphanany, muzeýi, stadiony we iki sany sport toplumyny bina etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de giň göwrümli seýilgäh meýilleşdirilýär.

Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri, athanalary, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi üçin binalar toplumy gurlar.

Şonuň ýaly-da köpugurly hassahana, Saglyk öýi, aragatnaşyk edarasy, köp gatly awtoduralga, işewürlik merkezi, «Bagt köşgi», bazar we söwda merkezi bolar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna 9 we 12 gatly hem-de 67 müňden gowrak adama niýetlenen, şeýle hem 5 we 7 gatly 40 müň adama niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçe görnüşli taslamalary görkezildi.

Görkezilen taslamalary synlap, gurulmagy meýilleşdirilýän jaýlaryň öňi bilen şu ýerde ýaşaýan adamlar üçin niýetlenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň taslamalarynyň ýerli ilatyň pikiriniň nazara alnyp taýýarlanmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Gökdepe etrabynyň çäginde 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy gurlar.

Geçen hepdede Kaka etrabynyň «Gowşut» we Ak bugdaý etrabynyň «Öňaldy» geňeşlikleriniň çäklerinde täze nusgalyk obalaryň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Bu ýerde her bir obada 2 müň adama niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 400-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olar iri panelli bir gatly ýaşaýyş jaýlar bolmak bilen, binalaryň 100-si 5 otagly, 200-si 4 otagly we 100-si 3 otagly bolar.

Ýaşaýyş toplumlarynda geňeşlikleriň edara ediş binalary, 640 orunlyk mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, söwda merkezleri, saglyk öýleri, baýramçylyk dabaralaryny we milli dessurlary geçirmäge niýetlenen meýdançalar, awtoduralgalar bilen üpjün ediler.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda bolmagynyň çäklerinde agtyklary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç etdi we akwaparka baryp gördi. Toplumyň çäginde milli Liderimizi bu ýerdäki çagalar şatlyk bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz olaryň akwaparkyň hyzmatyndan peýdalanyşy we täsirleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar diňlenildi we öňde durýan möhüm wezipeleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda 2019-njy ýylda ilkinji Hazar ykdysady forumyny, VI Hazar sammitini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň netijeleri hakynda habar berildi.

Hökümetiň mejlisinde milli taryhy-medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmek we dikeltmek, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri we ony Türkmenabat şäherindäki «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýanyndaky orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda döretmek bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklary artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baştutany Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah bilen hormatly Prezidentimiziň duşuşygy mahalynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we ony dowam etmegiň geljekki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar döwletara ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garadylar. Iki ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda Akina bekedini ösdürmek üçin demir ýol şahasyny gurmak hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý, Bäherden we Sarahs etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Darganata, Saýat, Hojambaz we Çärjew etraplarynyň, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň hasyl ussatlary pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini habar berdiler.

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllyk senesine bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda milli pul serişdeleriniň taryhy, olaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda haryt-pul gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan täsiri, bank ulgamyndaky özgertmeler, sebitleýin we abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky çykyşlar diňlenildi.

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Onuň çäklerinde Zagreb şäherinde ýerleşýän Etnografiýa muzeýiniň guran surat sergisi boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde taýýarlan Russiýanyň kino günleriniň maksatnamasyna rus kinematografiýaçylarynyň döreden kinofilmleriniň 9-sy girizildi.

Şu günler paýtagtymyzda agyr atletikaçylaryň iri dünýä ýaryşy dowam edýär. Onda dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Afrika, Ýewropa, Aziýa, Amerika we Okeaniýa döwletlerinden türgenler gatnaşýarlar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

06.11.2018ý.