21-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda söwda-ykdysady ulgamy, nebitgaz hem-de ulag-aragatnaşyk toplumlary ýaly strategik ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Hususan-da, şu gün gol çekilen wajyp Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyra badalga berdi.
Şonuň ýaly-da, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykýan (“Lapis Lazuli”) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesi bellenildi. Bu ugur Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňzi, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň, bilim, ylym hem-de medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.