21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.
Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm resminamasyna gol çekmek üçin Aşgabada gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hut özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesiniň hem-de taraplaryň sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň ýakyndygynyň köpugurly hem-de örän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işiň netijelidigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şu gün Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi şol uly işiň aýdyň netijesidir.
Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de Hazaryň biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostluk, hyzmatdaşlyk deňzidigini ýene-de bir gezek tassyklaýan taryhy wakadyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow bu möhüm resminama gol çekilmeginiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýandygyny belläp, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de türkmen we azerbaýjan halklaryna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Azerbaýjanyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrligine ugrady. Şol ýerde ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.
Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşindäki şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.
Hut şonuň üçin hem bu käne “Dostluk” diýip at bermek hakyndaky umumy çözgüdimiz çuňňur mana eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýokarda agzalan ylalaşygyň hem-de kabul edilen çözgüdiň hoşniýetli goňşuçylyk, jogapkärçilik we öňdengörüjilik hem-de deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbidini nazara almak ýaly asylly ýörelge hökmünde biziň döwletlerimiziň taryhyna aýdyň sahypa hökmünde girjekdigi gürrüňsizdir. Munuň özi, elbetde, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň hünärmenlerine we bilermenlerine, şeýle hem bu resminamany taýýarlamaga goşant goşanlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi şu günki şanly waka bilen gutlap, oňa berk jan saglyk we alyp barýan döwlet hem-de syýasy işinde täze üstünlikleri, Azerbaýjanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi.
Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, şu wakanyň örän wajypdygyny nygtady.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, Prezidentleriň derejesinde ysnyşykly syýasy gatnaşyklar bolmazdan, şu günki resminama gol çekmek mümkin bolmazdy diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.
Biz çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç bilen ýurtlarymyzyň degişli düzümleriniň hyzmatdaşlyk, dostluk, özara goldaw bermek we özara gyzyklanma bildirilýän özara bähbitlere dogry düşünmek ruhunda ösdürilmegi üçin ähli tagallalary ederis. Şoňa görä-de, şu günki resminamany taryhy resminama diýip atlandyrmak isleýärin, çünki Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňzinde ýatagy özleşdirmek boýunça bilelikdäki işe ilkinji gezek girişýärler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzy we halklarymy has-da ýakynlaşdyrar hem-de uly peýda getirer diýip, Prezident I.Aliýew sözüni dowam etdi.
Pursatdan peýdalanyp, prezident Ilham Aliýew özüniň kärdeşini we tutuş doganlyk türkmen halkyny geçen ýyl bellenilen Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Azerbaýjanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Kararnamasynyň awtordaşy bolandygyny ýatlatdy.
Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň doganlyk halkyna gülläp ösüş, parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň çykyşy tamamlanandan soň, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky möhüm taryhy resminama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow Ähtnama gol çekýärler.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi dabara gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendiler.