Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi – Arkadagly ýaşlara pederleriň göreldesi

Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi – Arkadagly ýaşlara pederleriň göreldesi» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Oňa Mejlisiň deputaty, jemgyýetçilik we bilim işgärleri, «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Energetika ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Geçirilen brifingde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda teleköpri arkaly ýagny Akina – Andhoý menzilleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometr demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçirijiniň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de Lebap welaýatyň çägindäki «Malaý» käninde gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi we onuň geljekde türkmen-owgan dostlugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde täze başlangyçlara badalga berjekdigi hem-de milli Liderimiziň dünýäde öňe sürýän ösüş arkaly parahatçylyk taglymatynyň giňden dabaralanjakdygy dogrusynda bellenilip geçildi.

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde ösüş arkaly parahatçylyk taglymatyny giňden dabaralandyrýan bu babatda dünýä nusgalyk işleri amal edýän, pederleriň nusgalyk ýörelgesini netijeli durmuşa ornaşdyrýan, ähli halklaryň ýüreklerini birleşdirýän, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny jebisleşdirýän, parahatçylyk, birek-birege hormat goýup ynanyşmak arkaly halklaryň arasynda agzybirlik daragtyny pugtalandyrýan, il alkyşly sarpasy belent mertebeli Howandar Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, aýdyň maksatly alyslara ýaň salýan ykbal özgerdiji beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.