Sagdynlygyň girewi

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti we etrap hassahanasy tarapyndan Sakarçäge etrabynyň 6-njy başlangyç orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda “Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek üstünligiň açarydyr” ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnakda çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, sportyň saglyga peýdasy, ynsan saglygyny goramak, möwsümleýin we sowuklama keselleriniň öňüni almak hem-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensklapedik kitabynda beýan edilen derman otlarynyň täsiri barada, mundan başga-da ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, ýokanç kesellere garşy göreşmek barada, raýatlaryň saglygy üçin ýörite niýetlenen agyz-burun örtükleriniň ynsan saglygyna berýän peýdasy barada, 2 metr aralygy saklamak barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Kerim ALTYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy