Milli Liderimiziň parahatçylyk taglymaty dabaralanýar

Garaşsyz, baky Bitarap döwletmiziň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dabaraly gadam basdyk. 2021-nji ýylyň Dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletleriň goldamagynda kabul edilen Kararnamasyna laýyklykda  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna eýe bolmagy bolsa parahatsöýüji halkymyzyň parahat durmuşa bolan ynamyny pugtalandyrýar. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak bilen bagly eziz Arkadagymyzyň parasatly paýhasy biziň erkana durmuşymyzda şöhlelenip, ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dünýäde wagyz edýän we ýaýbaňlandyrýan «Parahatçylyk arkaly Ösüş» taglymaty Bitaraplyk ýyllarynyň beren mümkinçilikleri bilen bagly bolsa-da bu ýörelge öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Çünki türkmen halky owal-ahyr rahatlyga we parahatlyga, abadan durmuşa gol beren halk. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr» diýen sözleri hem tassyklaýar.

Ata arzuwyny amala aşyran Agtyk hökmünde, pederlerimiziň ýörelgesine ygrarly Arkadagymyz syýasatyň iň kämil dolandyryş nusgasy bilen dünýäde parahatçylygy ýaýmaga, ekologiýa, azyk, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge görnükli goşant goşýan dünýäde ykrar edilen Liderdir.

Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda  «Häzirki zaman dünýäsinde ählumumy parahatçylyk meselelerinde ynsanperwerligiň belent maksatlaryna ygrarly il halkymyzyň edebi mirasyndaky deňsiz-taýsyz gahryman bolan Şükür bagşynyň parahatçylykly ýaşaýşyň goragynda sungatyň durýandygyna bolan ynamy akyldarlaryň, paýhasly danalaryň, sungaty öwrenijileriň oý-pikirlerinden syzlan gymmatly ideýadyr» diýlip bellenilýär.  Şu sözlere salgylananyňda bolsa parahatçylyk arkaly ynanyşmagyň kemala gelýändigine, ähli zerurlyklaryň parahatçylyk sungaty bilen dahyllydygyna göz ýetirmek bolýar.

Parahatçylygyň türkmeniň ykbalynda ýaşaýandygyny onuň milli mertebesiniň ynanyşmak bilen dahyllydygyna bolsa «Janly rowaýat» atly kitapdaky şu jümläni okanyňda hem düşünmek bolýar.

«Halkara syýasatynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini ykrar etmek bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda parahatçylygyň nyşany hasap edilýän zeýtun şahasy-da ýerleşdirilendir. Türkmen haly gölleri bilen bir ýerde durmak bilen, ol – adalatlylyk, ynanyşmak, beýleki milli-medeni gymmatlyklara hormat goýmak, kabul edijilik, tejribäni, üstünligi, täzelikleri alyş-çalyş etmäge taýynlyk ýaly has giň manylara-de eýe bolýar».

Munuň özi türkmeniň dünýä bilen gatnaşygyny, biziň halkymyzyň tutuş adamzadyň ýaşaýyşyna hormat bilen garaýandygyny alamatlandyrýar. Bu halkymyzyň mertebeliliginden, medeniýeti arkaly dünýä jemgyýetiniň gymmatlyklaryna hormat bilen garaýandygyndan nyşandyr.

Arkadag Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda bolsa «Häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzünde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklary alyp barmak babatyndaky dost-doganlyk syýasaty giňden goldanylýar. Döwletimiziň daşary syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny dünýä döwletleriniň arasynda sazlaşykly syýasy, ykdysady we medeni giňişligi döretmekde gazanýan üstünliklerimiz hem subut edýär» diýip bellemek bilen, döwletimiziň Açyk gapylar syýasatyny beýan edýär. Bu syýasat goňşy bilen goňşynyň, döwlet bilen döwletiň, millet bilen milletiň arasyndaky ysnyşygy berkidýär, gatnaşyklary pugtalandyrýar. Iň esasy hem Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli we ylalaşykly, ynamly hem ygrarly ýurtdygyny görkezýär. Daşary diplomatiýanyň türkmen halkyna mahsus bu milli hem-de döwrebap nusgasy bolsa dünýä döwletleri tarapyndan hem giň goldawa eýe bolýar.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bolsa, Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem gönükdirilendir». Bu sözler milli Liderimiziň Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde tutuş adamzadyň aladasyny edýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr» diýen sözleri hem parahatçylyk paýhasynyň dünýä dolmasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» atly kitaplary bolsa hut şu syýasaty giň mazmunda beýan etmäge bagyşlanýar. Bu eserleriň daşary ýurt dillerinde terjime edilmegi bolsa parahatsöýüji halkymyzyň halkara abraýyny artdyrýar.

Durdy MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

 Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.