18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, deputatlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy wakalara, dünýä ýaň salan beýik işlere beslenýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina – Andhoý demirýolunyň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň açylmagy hem munuň anyk subutnamalary boldy. Bu taryhy wakalaryň ählisiniň özeninde bolsa, ilkinji nobatda, adam hakdaky aladanyň durandygy açyk aýdyň duýulýar. Sahawatly türkmen topragyndan uzaýan bu dostluk ýollary, röwşenlik paýlaýan elektrik geçirijileri, optiki-süýümli halkara aragatnaşyk we üstaşyr akymlary doganlyk owgan halkyna nur, rysgal-bereket bolup dolýar. «Kyýamat güni goňşudan» diýen parasatly pederleriniň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilik ýaly asylly ýol ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň ýürek ýylysy goňşy owgan halkyny mähir bolup çoýýar. Şonuň bilen birlikde, bu taryhy wakalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürýän milli Liderimiziň daşary syýasat babatda hem, ilkinji nobatda, umumadamzat bähbitlerini, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginiň esasynda, durnukly ösüşiň gazanylmagyny ileri tutýandygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Bu taryhy pursatlara şaýat bolanlar hem, ony teleýaýlymlar arkaly synlanlar hem ulanmaga berlen täze, iri taslamalaryň doganlyk owgan halkyny galkyndyrandygyny, olaryň asuda ýaşaýşa, abadan durmuşa, röwşen geljege bolan umytlaryny has-da artdyrandygyny äşgär duýdular. Şonuň üçinde, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tutuş dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen halkynyň durmuşa geçirýän bu nusgalyk işleri giň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, bu iri taslamalar, ilkinji nobatda, owgan halkynyň durmuş düzümleriniň rowaçlanmagynda, ýurduň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak boýunça täze mümkinçilikleriň açylmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Maslahatda parahatçylygyň hem-de birek-birek bilen ynamly gatnaşyklary alyp barmagyň türkmeniň ata-baba döwletlilik ýörelgesi bolup gelýändigi, bu günki günde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap derejede gaýtadan dikeldýän Türkmenistanyň 2021-nji ýyla – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna mahsus beýik işleri bilen dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi aýratyn nygtalyp bellenildi. Çykyş edenler şol beýik işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, umumadamzat bähbitli ynsanperwer başlangyçlarynyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.