25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatlylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygy we onuň amatly giňişlikde ýerleşmegi häzirki döwrüň talabyna we alabaý itleriniň tebigatyna kybap gelýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow baýramçylyk gününde geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň hormatyna guralýan dabaralaryň şowhunly we milli ýörelgelere laýyk derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlar içgin öwrenilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli alabaý itleriniň bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijini kesgitleýän eminler toparynyň döredilmeginiň, onuň düzüminde bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilim derejesi bolan hünärmenleriň bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden guralýan sergide alabaý itleriniň özboluşlylygy, wepadarlygy, gaýduwsyzlygy öz beýanyny tapmalydyr.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.
Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda halkymyzyň alabaý itlere ideg etmegiň usullaryny häzirki döwürde döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam etdirilmelidir.