27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda häzirki zaman harby tehnikalaryna aýawly çemeleşmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwlet serişdeleriniň hasabyna olar üçin iň häzirki zaman uçarlary, dikuçarlary, gämiler, harby we ýörite tehnikalar satyn alynýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň ygtyýarynda bar bolan harby tehnikalardan ýokary derejeli baş alyp çykýan, öz işine ökde ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Bu tehnikalaryň we enjamlaryň ulanylan görnüşleri babatda kadalaşdyryjy namalara gaýtadan seretmegiň wajypdygy, zerurlyk bolsa, olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça zerur işleri geçirmek bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bar bolan harby tehnikalary kesgitlenen düzgüne laýyklykda peýdalanmak, bu ugurda düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew, ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, adalat ministri B.Muhamedow, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk edýän gulluklarynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dürli ugurlarda, şol sanda Döwlet serhet gullugynda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow prokuror barlaglarynyň netijeleri boýunça degişli Permana gol çekip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ş.Durdyýewi Döwlet serhet gullugynyň başlygy Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatdy. Şeýle hem ol degişli Permana laýyklykda general-maýor harby adyndan podpolkownik harby adyna çenli peseldildi.
Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary – baş karargähiň serkerdesi I.Ilamanowa we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary A.Çaryýewe berk käýinç yglan edildi hem-de olara ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýändigini belledi.
Häzirki döwürde giňden we dabaraly bellenilýän bu baýram ýurdumyzyň edermen harby gullukçylaryna we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine bildirilýän hormatyň, olar hakyndaky yzygiderli aladanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň halkymyzyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, hemişe päk ýürek bilen gulluk borçlaryny ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli Permanlara gol çekdi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýratyn tapawutlanan işgärlerine hormatly derejeler berildi.
Döwletimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin adalat ministri Begmurat Muhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem oňa ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesi berildi.
B.Muhamedow sylaglary üçin hoşallyk bildirip, kasam kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda degişli Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, podpolkownik Ýazgeldi Nuryýew Döwlet serhet gullugynyň başlygy Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenilip, milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem oňa podpolkownik harby ady dakyldy.
Ý.Nuryýew kasam kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, polkownik Muhammetgeldi Agageldiýew milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
M.Agageldiýew kasam kabul etdi.
Milli Liderimiz döwletimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor Maksat Hudaýkulyýewe podpolkownik harby adyny dakdy we degişli Permana gol çekdi.
M.Hudaýkulyýew kasam kabul etdi.
Mejlisiň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, oňa laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, şeýle hem olaryň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
Dabaranyň ahyrynda milli Liderimiz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglananlary hem-de täze harby atlara we derejelere mynasyp bolanlary tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny we ähli harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen gulluklarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.