26-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde 3 we 4 otagly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz häzirki wagtda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan şu işlerde esasy ugruň geljegi nazarlap, yhlasly, ygtybarly we owadan gurup, adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.