Milli Liderimiz ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

26-njy ýanwarda milli Liderimiz Aşgabat boýunça iş saparyny dowam edip, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluna tarap ugrady. Onuň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.

Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara şunuň bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda hereket edýän ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täze ýollary çekmek, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilişini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Taslama laýyklykda, awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we tizleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmanbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen birlikde, iň häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak boýunça işleri “Nusaýýollary” we “Hyzmat merkezi” hususy kärhanalar, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri amala aşyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň birinji bölegini – Aşgabat-Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen-Mary bölegini – 2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji – Mary-Türkmenabat bölegini – 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak maksat edinilýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň I, II, III tapgyrlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýoluň geçjek ugurlaryny görkezýän çyzgylar, uly töleg terminalynyň hem-de kiçi töleg nokatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, çyzgylarda ýangyç guýujy bekediň, söwda nokatlaryň, ulag serişdelerine hyzmat ediş bölümleriň, dynç alyş meýdançalaryň, çatryklaryň, köprüleriň görnüşleri we beýlekiler görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, taslama käbir düzedişleri girizdi hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyryljak desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna açylyp, desgalaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletinde ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda şanly sene mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgada öwrüljek desgalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli tabşyrylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, telekeçileriň öz ulag parkyny döretmek barada tabşyryk berdi. Bellenilişi ýaly, satyn alynjak awtobuslarda ýolagçylar üçin hemme amatly şertler döredilmelidir. Awtobanyň ugrunda gyssagly jaňlar hem-de kömek bermek üçin dolandyryş merkezi bilen birleşdirilen telefon aragatnaşygynyň ýörite bölümleri ýerleşer.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslama durmuşa geçirilende şu ulgamdaky öňdebaryjy tejribäni we täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Baş talap Aşgabat-Türkmenabat awtoulag ýolunda amala aşyrylýan işleriň hil derejesine, halkara ölçeglerine kybap gelmegini yzygiderli üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunuň ýaly ýokary derejeli awtobanyň gurulmagy bilen baglylykda, degişli halkara guramalar we maksatnamalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek gerek.

Munuň özi, ilkinji nobatda, milli awtoulag birleşmeleriniň we guramalarynyň bähbitlerini birleşdirýän Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir. Bularyň ählisi esasan transmilli ulag geçelgesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, Ýol gözegçiligi gullugynyň talaba laýyk işlemegini gazanmak, ýollarda ulag hereketiniň sazlaşygyny ýola goýmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan awtoban boýunça ýoluny dowam edip, onuň ugrunda gurnalan germewleriň hilini gözden geçirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň halkymyzyň ýokary ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtap, munuň aňyrsynda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzyň durýandygyny aýratyn belledi.