“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medaly döredildi

Hormatly Prezidentimiz 28-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan ediljek alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi bilen baglylykda, ýeňijä gowşuryljak medalyň taýýarlanan şekil taslamalaryny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.

Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi – bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.

Şeýle hem toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, olara baha berjek emin agzalarynyň oturjak ýeriniň taslamalarynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda işlenilişi barada habar berildi.

Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermek ileri tutulýar, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasymyzyň gymmatlygy bolan alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän möhüm orny barada durup geçdi.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli ilkinji gezek geçiriljek baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, onuň örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara, hususan-da, alabaý itleriniň bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasynyň taslamasyna käbir düzedişlerini girizip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini, ony has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.