Hormatly Prezidentimiz 28-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldilen ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlik binasynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Şükür bagşynyň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlikde we onuň töwereginde bagy-bossanlyklaryň döredilip, abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylmalydygyna wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň ünsüni çekdi. Bu ýeriniň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmegini gazanmak, şol sanda medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin hemme şertleriň döredilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.