Hormatly Prezidentimiz 28-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy.
Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gyş döwründe talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, bu senäni dabaralandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkara ülňülerine, şol sanda hil, estetiki we ekologiýa babatdaky talaplara doly laýyk gelmelidir.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we “Aşgabat” diýip atlandyrmak teklip edilen täze toplumyň bezeginde milli nagyşlaryň görnüşleriniň we ýazgylarynyň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly hödürlenen taslama şekiline birnäçe düzedişleri girizip, onuň gözellik, ykjamlylyk we amatlylyk, yşyklarynyň öwüşginlilik ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen bagly meseleleri göz öňünde tutmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy merkezi bolup durýar. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, şeýle hem döwletimiziň bilim we medeni merkezidir.
Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysal bolup durýar.
Şu ýyl biz şanly senäni – Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky sözüni dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek – dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz diplomatiýanyň we Bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmünde hem Aşgabadyň abraýynyň barha artýandygyny nygtap, bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň, şeýle hem paýtagtymyzda dürli halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýerleşdirilendigini belledi.
Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreleri guramak barada tabşyryk berdi.
Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hökümet toparyny döretmegi, bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çäreleriň meýilnamasynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çärelerini guramak, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, sergileri, taryhy-rejelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda şanly sene mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek bilen bagly dabaralary degişli derejede geçirmeli. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaly. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeli. Şol sanly senäni baýramçylyk feýerwerkini geçirmek bilen tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny belläp geçmek boýunça toparyň düzümini we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetine seretmäge bermegi tabşyrdy.