Hormatly Prezidentimiz 28-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow çagyryldy.
Wise-premýer täze guruljak Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi barada hasabat berip, bu binanyň binagärlik taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu desgany gurmak boýunça öňde goýlan wezipeler we onuň niýetlenen ugurlary barada habar berdi.
Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän nobatdaky saglygy goraýyş desgasy – Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy boýunça hasabat berdi. Onuň ýerleşjek ýeri hem milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, oýlanyşykly saýlanyp alyndy.
Bu taslama bilen baglylykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bu taslamanyň amala aşyrylmagy babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu lukmançylyk edarasynyň öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi. Hususan-da, 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.
Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna we olaryň öňüni almaga gözegçilik etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ministr Türkmenistanyň bellige alan “Sputnik V” sanjymynyň ähmiýeti barada aýdyp, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG tarapyndan ykrar edilen derman serişdelerini we sanjymlaryny bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz keselleriň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň barşynda üç halkalaýyn düzgüniň berk berjaý edilişini hem-de agyz-burun örtükleriniň halkara kadalaryna laýyk gelmegini hem-de bellenilen möhletine çenli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de bu babatda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyza hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.
Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.