2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara tasamalary durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de nebitiň bahasy hem üýtgäp dur.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.
Şunda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Ilki bilen Döwlet ministri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi.
Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatda işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, şolary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň pudagyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek we önümçilige häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Başlygy M.Rozyýew Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglaryny we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriniň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. TNGIZT-nyň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýsyklykda, nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky uzakmöhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz öňde nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ş.Abdrahmanowa söz berdi. Rektor Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilerine laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy çagyrdy hem-de wise-premýere we HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.
Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribesini ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, şolaryň iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylmy-barlag, tebigy gaz instituty üçin ýokary tehnologiýaly barlaghanalar bolan häzirki zaman toplumynyň gurlandygyna garamazdan, nebitgaz pudagynda ylmy işleriň ýeterlik derejede geçirilmeýändigini belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz nebitgaz pudagynda halkara tejribesine esaslanyp, henize çenli harytlary, degişli işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen elektron görnüşli bäsleşik meýdançasynyň açylmaýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden berk talap etdi.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa nebitgaz toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe bu toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň tutanýerli işlemelidiklerini aýtdy. Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwatly netijeli peýdalanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.