Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň saylav.gov.tm resmi web saýtynda bellige alnan milli synçylar we milli synçylaryň hil düzümi boýunça maglumatlar berilýär.
Milli Liderimiziň ynsanperwer, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen doly makullanyldy hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi.
Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi.
Munuň özi Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aňladýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny 28-nji martynda geçirmek bellenildi.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň geçen ýylyň 28-nji noýabrynda geçiren mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi.
Şu günler bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri kanunalaýyk, guramaçylykly we giň gerim bilen alnyp barylýar.
Saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, saýlawlaryň aýanlyk we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, ýerlerde milli synçylar bellenildi.
Häzirkizaman dünýäsinde saýlawlaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şonuň bilen birlikde hem saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygy ykrar edildi.
Soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalara laýyklykda has-da berkitmek arkaly jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan häzirki güne çenli ýurdumyz boýunça milli synçylaryň jemi 436-sy welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy hem-de olara ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnama gowşuryldy.
Bu bellige alnan milli synçylaryň 83-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 60-sy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 72-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 72-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 66-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 67-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 16-sy bolsa raýatlar toparlary tarapyndan bellenilendir.
Saýlaw möwsüminiň dowamynda bellige alnan dalaşgärler tarapyndan hem milli synçylar belleniler we şonuň esasynda saýlawlara syn etjek synçylaryň sany ýene-de köpeler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.
Häzirki güne çenli bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi boýunça jemlenen maglumatlara ser salanymyzda:
– olaryň 56,88 göteriminiň erkeklerdigini, 43,12 göteriminiň bolsa zenanlardygyny;
– ýaşy boýunça: 27,29 göteriminiň otuz ýaşa çenli, 31,42 göteriminiň otuzdan kyrk ýaşa çenli, 22,25 göteriminiň kyrkdan elli ýaşa çenli, 19,04 göteriminiň bolsa elliden ýokary ýaşly raýatlarymyzdygyny;
– bilimi boýunça: 59,63 göteriminiň ýokary, 29,59 göteriminiň ýörite orta, 10,78 göteriminiň orta bilimlidigini;
– işleýän ulgamy boýunça: 62,84 göteriminiň syýasy partiýalarda we jemgyýetçilik guramalarynda, 1,60 göteriminiň senagat, gurluşyk, 2,52 göteriminiň oba we suw hojalyk, 11,93 göteriminiň ylym, bilim, 2,29 göteriminiň medeniýet we sungat, 0,69 göteriminiň saglygy goraýyş, 1,38 göteriminiň durmuş üpjünçiligi, 1,15 göteriminiň maliýe we ykdysadyýet, 15,60 göteriminiň bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlardygyny;
– milleti boýunça: 97,71 göteriminiň türkmen, 2,06 göteriminiň özbek, 0,23 göteriminiň uýgur milletlerindendigini görmek bolýar.
Bu milli synçylar saýlawlaryň kanunalaýyklykda geçirilişine syn etmek bilen, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde uly ähmiýete eýedirler.
Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.