Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdigini aýtdy. Bu ugurlarda ýetilen sepgitler, ösüşler halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy köp babatda bu ulgamlaryň netijeli işine baglydyr.

Şonuň üçin döwletimiz bu ulgamlary ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär. Emma, muňa garamazdan, bu ulgamlarda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki maslahatyň maksadynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň hilini gowulandyrmak boýunça möhüm işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Ilki bilen bilim ministri O.Gurbanowa söz berdi. Ol ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bilim ulgamynyň dolandyryş, düzüm ulgamyny, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we özleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, milli Liderimiz bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna kybap derejede kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagyň, bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamda alnyp barlan işleriň netijeleri we şu ýyla meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, iň ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sportuň olimpiýa görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň işgärleriniň esasy wezipesiniň milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň degişli derejede saklanylmagyny hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň we raýatlaryň ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Soňra Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew 2020-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmegiň bähbidine jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlygymyzdygyny nygtady. Biz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu gün ylmy ösdürmekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy, sanly ulgamy ornaşdyrmagy, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň ugurlaryny giňeltmegi wajyp meseleleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýerine ýetirilen işler hem-de «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça meýilnamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygyny nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeliligi köp babatda şolaryň bilim derejesine baglydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.

Ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa, Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz habarlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ähmiýetini artdyrmakda hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn-da, häzirki döwrüň ýagdaýy we öňde goýulýan wezipeler nazara alnyp, olaryň oňyn çözgüdini taýýarlamak işlerinde syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagynyň, işjeň pikir alyşmalary guramagynyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Ol geçen ýylyň dowamynda akademiýada ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we diňleýjilere berilýän okuw-usulyýet sapaklaryň, hünärleriň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Soňra Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, talyplaryň halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, okuw-usulyýet ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýuna alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, onuň halkara standartlaryna kybap gelmegini üpjün etmek we ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň möhüm talapdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ýaşlara bilim bermegiň usulyýet ulgamyny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalaryna täze hünärleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe hem-de M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory M.Myratnazarowa ýüzlenip, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleriniň ilatymyzyň saglygyny düýpli gowulandyrmakdan we adamlaryň ortaça ömür dowamyny uzaltmakdan hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aralýaka sebitiniň gurşawyny hem-de onuň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek, bu ugurda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda zerur işleri geçirmek, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde täze ugurlary açmak, şol sanda ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralaryny gurmak, ylmy barlaglary geçirmek hem-de ýörite milli maksatnamalary işläp taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekologiýa we biologik howpsuzlygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk uniwersitetinde epidemiologiýa kafedrasyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2020-nji ýylda durmuş ähmiýetli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen anyk çäreler, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň şol pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuş halk hojalyk toplumynyň, şol sanda döwletimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýän bu esasy ulgamlaryň ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalary işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen, olaryň işini düýpli gowulandyrmak üçin, heniz örän köp işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmalydygyny, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.