Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 56 agzadan ybarat bolup, olardan 48-si welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanylýar, 8-si Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. 

Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrug bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlaw gününe çenli 30 ýaşyna ýeten, ýokary bilimli we Türkmenistanda on ýylyň dowamynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty hödürlenilip bilner.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärleriň çäklendirilmedik sanawy ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Ýygnaga gatnaşýanlaryň her biri dalaşgärler hakynda öz tekliplerini aýdyp, olar bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyp, hödürlenilýänleri goldap ýa-da olara garşy çykyp, şeýle hem ara alyp maslahatlaşmak üçin özlerini dalaşgärlige görkezip bilýärler. 

Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ugurlaryna doly gabat gelýär. Saýlawlaryň açyklygy we aýdyňlygy olara milli synçylaryň gatnaşmagyna ýardam edýär.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara 50 gün galanda başlanýar hem-de ol 25 gün galanda tamamlanýar. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri bellige almak Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlawlaryň başlanmagyna 45 gün galanda başlanýar hem-de ol saýlawlara 20 gün galanda tamamlanýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna agzalyga saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlary geçirildi. Olary Merkezi saýlaw topary gurady.

Maslahatlaryň dowamynda saýlawlary geçirmek, dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi, olaryň hukuklary hem-de borçlary hakynda kanunçylyga girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar baradaky, şeýle-de saýlaw resminamalaryny taýýarlamaga, bu wajyp syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge dahylly meselelere garaldy. 

“Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanun Watanymyzda parlament işini we demokratik ýörelgeleri ösdürmekde täze ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugruň köpugurly esasda ösdürilmegini döwlet gurluşynyň möhüm wezipesi hökmünde kesgitledi.

Şol okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar bu gezekki wajyp syýasy çäräniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdigini biragyzdan bellediler.

Şeýle hem milli synçylar bellige alyndy. Olar öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde, saýlawlaryň geçişine syn ederler. Olaryň ählisine degişli şahsyýetnama berildi.

Şeýlelikde, Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de raýat toparlaryndan synçylaryň 436-sy hasaba alyndy. Olardan 61-si Ahal welaýatyna, 88-si Balkan welaýatyna, 80-si Daşoguz welaýatyna, 83-si Lebap welaýatyna, 92-si Mary welaýatyna, 32-si bolsa Aşgabat şäherine degişlidir.

Milli synçylar üçin okuw maslahatlary guralar. Bu bolsa olara milli kanunçylyga girizilen üýtgetmeler, öz wezipe borçlary we öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen has doly tanyşmaga mümkinçilik berer.

Bu gezekki saýlaw möwsüminde dünýä tejribesinde giňden ýaýran demokratik ýörelgeler ulanylyp, olar parlamente halal, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş işjeňligi we raýat garaýyşy bolan, öz güýjüni, tejribesini hem-de bilimini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Watanymyzyň kuwwatynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge höwesi bolan mynasyp adamalaryň saýlanmagyny üpjün eder.